Geçen hepdede Türkmenistanyň
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň,
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri
«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýangyç mazudyny,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn
aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt
puluna BAE-niň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri
boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, jins 1matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň
50 million 863 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 16 million 725 müň
manatdan gowrak bolan pagta galyndysyny, çig ýag turşulygyny, flanel matany, el
halylaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, aşgarlanmadyk bizi we çig ýüpegi satyn
aldylar.