28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul
edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp
maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham
Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini mähirli mübärekläp,
dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Azerbaýjanyň
wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady
gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisiniň
üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky
hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam
berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan Azerbaýjan
Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de
pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we
biziň ýurtlarymyzydyr halklarymyzy birek-birege hormat goýmaga, ynanyşmaga,
özara düşünişmäge esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň
baglanyşdyrýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda döwletara
hyzmatdaşlyk giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Halkara we sebit
düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklar dowam etdirilýär. Birek-biregiň
başlangyçlarynyň özara goldanylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz ýola
goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini
aýdyp, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki,
medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara hereketleri ösdürmek boýunça
utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny berkitmegiň zerurdygyny nygtady.
Duşuşygyň çäklerinde
söhbetdeşler gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesinde uzak
möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda
goňşy ýurtlarymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna
aýratyn üns çekildi. Bu bolsa halkara derejede bilelikdäki taslamalary amala
aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi energiýa serişdelerini ibermek, deňiz
portlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, Hazar deňzi arkaly ýük
daşamalaryny işjeňleşdirmegiň hasabyna söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ençeme
ýurtlary baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini döretmekdäki hyzmatdaşlyga, şeýle
hem kommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklara degişlidir.
Söhbetdeşler medeni, ylym,
bilim ugurly netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma
bildirilýändigini nygtadylar. Bu ulgamlar iki doganlyk halkyň arasyndaky
gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ygtybarly esasy bolup durýar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail
Çingiz ogly Jabbarow birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işlerinde
mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, döwletara gatnaşyklaryň has-da
pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler.