24-nji noýabrda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty
geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk
binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip
taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna
garaldy. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri çagyryldy.
«Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň
taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň
ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garamak gün
tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu babatda Mejlisiň ähli
komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. Kanun taslamalaryny
ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde,
milli ykdysadyýetimiz ýokary depginlerde ösýär. Munuň şeýle bolmagyna giň
gerimli döwlet maksatnamalarynyň, hususan-da, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmegi ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
mejlislerinde «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň
taslamasy bilen bagly anyk maslahatlary berdi we olar şu ýylyň 24-nji
sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň eden
maksatnamalaýyn çykyşynda öz beýanyny tapdy. «Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi
meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş maliýe
meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş
üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, döwlet hyzmatlaryna, önümçilik
we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleri
gönükdirdik» diýip, hormatly Prezidentimiz aýratyn belledi.
Nygtalyşy ýaly, Döwlet
býujetiniň esasy bölegi býujetden maliýeleşdirilýän dürli edaralaryň, hojalyk
hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk
zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji
haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyna, bu ugurdaky taslamalary durmuşa
geçirmäge gönükdiriler. Ähli pudaklary okgunly ösdürmegiň we maýa goýumlary
çekmegiň, döwrebap bazar gurallaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň
ýokary ösüş depginini üpjün etmek, durmuş ugurly döwlet syýasatyny goldamak
geljek ýyl üçin esasy maliýe resminamasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup
durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi
diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa
geçirilmegi esasynda nebitgaz pudagy, obasenagat toplumy, ulag, aragatnaşyk,
gurluşyk, dokma we azyk senagaty ýaly ugurlar mundan beýläk-de ösdüriler.
Ulag-aragatnaşyk, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde dowam
etdiriler.
Maslahatda ýerli býujetleriň
geljek ýyl üçin esasy maliýe-hukuk resminamasynyň taslamasynda göz öňüne
tutulan görkezijilerine garaldy. Habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylda kiçi we
orta telekeçiligi ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini
artdyrmak, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde
tutuldy.
Deputatlar «Türkmenistanyň
2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasynyň kabul edilmegini
biragyzdan goldadylar. Bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanyp, döwletiň we
jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir hem-de halkyň bähbitlerine
hyzmat eder. Şeýle-de «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň
ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.
Soňra deputatlar «Bunker
ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara
Konwensiýa goşulmak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak
hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»,
şeýle-de Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça
girizmek hakynda degişli Kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň
ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk
namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Maslahatyň ahyrynda deputatlar
kabul edilen resminamalaryň Garaşsyz Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk
ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň
durmuşynyň ähli ulgamlaryny okgunly ösdürmek, giň gerimli durmuş-ykdysady,
demokratik özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça öňde goýan
wezipelerini mundan beýläk-de ýerine ýetirmäge ýardam berjekdigine ynam
bildirdiler.