22-23-nji noýabrda
Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we
ösüş» atly forum geçirildi. Forum iki ýurduň arasyndaky ykdysady
hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Foruma halkara
guramalaryň wekilleri, Ýaponiýa, Azerbaýjan Respublikasy, ABŞ, Fransiýa, Hytaý
Halk Respublikasy, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Germaniýa
Federatiw Respublikasy ýaly ýurtlardan iň iri 74 sany kompaniýanyň 150-den
gowrak wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan
bu foruma ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň
Sňwda-senagat edarasynyň wekilleri, hususy telekeçiler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň maýa
goýum forumynyň dowamynda edilen çykyşlar hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar dürli
ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly itergi berdi.
Forumda
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, işewür düzümleriň ugry boýunça
hyzmatdaşlyk etmegiň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň mümkinçilikleri
giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň çäklerinde
geçirilen duşuşyklarda bank, ätiýaçlandyryş we maliýe ulgamynda daşary ýurtly
maýadarlar üçin Türkmenistanyň mümkinçilikleri, hukuk binýady, kanunçylyk
hem-de döredilýän ýeňillikler barada söhbet edildi. Şeýle-de Türkmenistanyň
halkara maliýe guramalary bilen amala aşyrylýan we geljekde durmuşa geçirilmegi
meýilleşdirilýän taslamalary barada gürrüň berildi. Daşary ýurt maýadarlary bu
ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge çagyryldy.
Forumda ykdysady
ösüş üçin möhüm pudaklara aýratyn üns bermek bilen, Türkmenistanyň maýa goýum
babatdaky geljegine giňişleýin syn berildi. Energetika we himiýa pudaklary, bu
pudaklarda bar bolan maýa goýum mümkinçilikleri ýygnananlaryň üns merkezinde
boldy. Ara alyp maslahatlaşmalar ýurduň «ýaşyl» maýa goýumlara, gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmelerine we wodorod energiýasynyň ösýän pudagyna
ygrarlydygyny, durnukly we ekologik taýdan arassa başlangyçlara geçjekdigini
görkezdi.
Forumyň çäklerinde,
köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir
alyşmalaryň dowamynda, iki ýurduň wekiliýetleri umumy bähbitlere, döwlet
ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
kämilleşdirilmelidigini nygtadylar.
Londonda geçirilen
forumyň barşynda türkmen wekiliýetiniň agzalary «S&P» maliýe kompaniýasynyň
ýokary derejeli wekilleri bilen hem duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplaryň
arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde kesgitlenen ugurlarda hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmenistan — maýa
goýum we ösüş» atly forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr»