14 — 16-njy noýabrda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti
Ýaponiýada gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde «EKSPO — 2025»
Bütindünýä sergisiniň gurluşyk işleri bilen tanşyldy, şeýle-de degişli
ýolbaşçylar tarapyndan Türkmenistana ilkinji bolup Milli pawilýonyny gurmak
üçin ýer bölegi bölünip berildi.
Bellenilişi ýaly, Ýumeşima
emeli adasynda geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň gurluşyk ýerine
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň
ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä
sergisi boýunça Assosiasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň pawilýonynyň potratçysy
«Belli» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary aýlanyp gördüler. Bu ýerde ýapon
tarapyndan alnyp barylýan serginiň gurluşyk işleri bilen tanşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Milli pawilýonynyň gurluşyk ýerini görüp, Ýaponiýanyň
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi boýunça Assosiasiýasy tarapyndan birinji ýurt
hökmünde ýer bölegini aldy.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr»