22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet
Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň Ýokary
Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin
Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly
bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini
belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň ýokary
ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mohd Suhaimi bin Ahmad
Tajuddini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ýurtlarymyzyň
arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen
jogapkärli wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Malaýziýa Aziýa — Ýuwaş umman
sebitinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara hormat goýmak,
dostluk, düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlyk
häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli
ösdürilýändigini we syýasy taýdan özara ynanyşmagyň yzygiderli
berkidilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň,
Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara
düzümleriň çäklerinde iki ýurduň birek-birege goldaw bermek, ýakyndan hyzmatdaşlyk
etmek tejribesine ýokary baha berdi.
Türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we
geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň
mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunda özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň
işjeňleşdirilýändigini bellemek gerek. Nebitgaz pudagynda üstünlikli
hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Malaýziýanyň «PETRONAS» nebitgaz kompaniýasynyň
Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýandygy we
ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy özara
bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi.
Kompaniýa köp ýyllardan bäri uglewodorod çig malyny gazyp almak boýunça
taslamalary durmuşa geçirýär, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli
türkmen hünärmenlerini taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk edýär.
Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer ugurdaky,
hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny
nygtap, türkmen-malaý dialogynyň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň
bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Malaýziýanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili
Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda
bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, özara bähbitlere doly
laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda ähli
tagallalary etjekdigine ynandyrdy.