20-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary
W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde Ykdysady hyzmatdaşlyk
taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň
üçünji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Mejlisiň
çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi boýunça pikir
alyşmalar geçirildi, şunda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyk häsiýete
eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça okgunly we
yzygiderli görnüşde ösýändigi bellenildi.
Taraplar
Iş toparynyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns
berdiler, şeýle hem bu babatda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan
ugurlaryny kesgitlediler.
Duşuşygyň
dowamynda söhbetdeşler şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm
meseleleri barada pikir alyşdylar.