2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam
Respublikasynyň döwlet we hususy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda
işewürlik forumy geçirildi.
Forumyň işine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran
hökümetara toparynyň başlyklary - Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid
Meredow we Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad
Bazrpaş gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar bu çäräniň söwda-ykdysady,
ýangyç-energetika, ulag we logistika ýaly gatnaşyklarynyň giň gerimli
ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ýene-de
bir möhüm ädim bolup durýandygy, şeýle hem ikitaraplaýyn mümkinçilikleri
ösdürmekde hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny tapmakda
Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň gepleşikleri üçin netijeli
platforma bolup hyzmat edýändigi barada umumy pikiri beýan etdiler.
Serginiň we işewürlik forumynyň çäginde Türkmenistanyň we
Eýranyň işewür toparlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
we çuňlaşdyrmak üçin birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler.
Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň telekeçileriniň
arasynda däp bolan netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn
resminamalara gol çekildi.