18-nji noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisinde taraplar gaz
hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşykda
taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini
nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli
gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, gurluşyk we infrastruktura, gümrük hem-de serhet
kadalaşdyrylyşy, senagat, oba we suw hojalygy, inženerçilik-tehniki işläp
taýýarlamalar ulgamynda gepleşikleri dowam etmäge taýýardyklaryny
tassykladylar.
Bulardan
başga-da, iki ýurduň arasynda gaz ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň hem soňky
döwürde barha ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagallalaryň edilýändigi nygtaldy.
Türkmenistandan Eýrana çekilen gaz geçirijiler arkaly türkmen tebigy gazynyň
iberilmegi boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,
«Körpeje-Gurtguýy» gaz geçirijisiniň kuwwatlylygyny doly peýdalanmak arkaly
goňşy ýurda eksport edilýän tebigy gazyň möçberleriniň artdyrylmagyna
gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy hem-de «Çaloýuk» gaz ölçeýji bekediniň
üsti bilen türkmen tebigy gazynyň eýran ugry boýunça iberilýän möçberini artdyrmaga
Türkmenistanyň taýýardygyny mälim edildi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, milli ykdysadyýetiň
çalt depginlerde diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň hem-de sanlylaşdyrylmagynyň
ugur edinilmegi, bilelikdäki işiň netijesinde toplanylan tejribäniň doly
herekete geçirilmegi, örän baý tebigy serişdeler we bar bolan ägirt uly
ykdysady we eksport kuwwatlyklary bilen bilelikde iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň
ugurlaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.