17-18-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Toparyň başlyklary - Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklaryň amala aşyrylýandygy bellendi.

Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan, taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri söwda-ykdysady, ulag we logistika, nebit-gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýum we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we Hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler.

Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda türkmen tarapy “Körpeje-Gurtguýy” ugry boýunça Eýran Yslam Respublikasyna ugradylýan türkmen tebigy gazynyň möçberlerini artdyrmaga taýýardygyny nygtady.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesinde türkmen tarapy “Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyna ünsi çekdi. Bu babatynda türkmen tarapy taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň oňyn tejribesiniň bardygyny, häzirki wagtda bolsa, ulag geçelgesiniň ýokary netijelilige eýedigini bellemäge esas berýändigini nygtady.

Söwda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine ünsi çekmek bilen, türkmen tarapy türkmen-eýran serhetiniň aýry-aýry böleklerinde söwda-ykdysady zolaklaryň döredilmegi baradaky teklibi öňe sürdi.

Taraplar iki ýurduň sebitleriniň arasynda, şeýle hem ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň netijeleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň 17-nji mejlisiniň Teswirnamasyna,  Mary (Türkmenistan) - Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Tawanir” kompaniýasynyň we “Sanergy Pishro Export and Energy Promotion” kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi