17-nji maýda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan munisipal taslamalaryna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri we Türkmenistanda maliýe bazarlaryny ösdürmek babatynda bankyň berip biljek ýardamlary baradaky meselelerini ara alyp maslatlaşmak maksady bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, ministrligiň degişli müdirlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň wekilleri bilen agzalan minisrlikleriň wekilleriniň arasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan banka öň hödürlenen munisipal taslamalar boýunça, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça hem-de ýurtda maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy.