17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap
Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini kabul
etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine Birleşen Arap Emirlikleriniň
Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de däp bolan, okgunly ösýän
dostlukly döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin hoşallyk
bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň netijeli türkmen-emirlikler
hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz BAE-niň
energetika we infrastruktura ministriniň şu gezekki saparynyň, onuň türkmen
kärdeşleri bilen geçirjek gepleşikleriniň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda uzak möhletlilik, özara bähbitlilik häsiýetine eýe
bolan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň dost-doganlygyň berk
esaslaryna, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine daýanyp, barha
ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistan we BAE Birleşen Milletler
Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk
edip, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öňe sürülýän
başlangyçlara özara goldaw berýärler.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady, maliýe,
ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk
edýärler. Ýangyç-energetika pudagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy
kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe toplandy. Baý
tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurtdaky hyzmatdaşlary ýurdumyzda durmuşa
geçirilýän iri halkara energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şunda
türkmen tarapynyň BAE-niň işewür düzümleriniň wekilleri bilen netijeli pikir
alyşmaga, olaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň
energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui däp bolan ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli
ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.