14 — 16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň
söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýewiň
ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Osaka şäherinde geçirilen EKSPO-2025
Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy.
Çäräniň
dowamynda türkmen wekiliýeti Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitriý
Kerkenses, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary Isi
Taku Ýaponiýanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň assosiasiýasynyň baş
sekretary Isige Hiroýuki we öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary
bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.
Gepleşikleriň
esasy temalaryndan biri Türkmenistanyň bu abraýly çärä taýýarlyk görmekdäki
üstünligi barada boldy. Ýapon tarapy zerur resminamalaryň öz wagtynda
tabşyrylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu bütindünýä forumyna
Türkmenistanyň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.
Hususan-da,
milli pawilionyň gurluşygy üçin ýer bölüp bermek dabarasy barada aýratyn durlup
geçildi. 2023-nji ýylyň 16-njy noýabry ýer böleginiň resmi taýdan Türkmenistana
tabşyrylan güni boldy.
Ýeri
gelende bellesek, Türkmenistan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşýan daşary
ýurtlaryň arasynda ýer bölegini alan ilkinji döwlet boldy. Munuň özi
Türkmenistanyň halkara giňişliginde möhüm ornunyň bardygyny tassyklaýar. Ýer
böleginiň berlendigi baradaky resminamanyň gowşurylyş dabarasyna ýerli we
daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.