Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanowyň Saud
Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam
arkaly duşuşygy geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda
Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi
Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany
Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş
ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere garaldy.
Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri özüniň
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud
toparynyň saud böleginiň ýolbaşçysy edilip bellenilendigini habar berdi. Bu
toparyň işi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, türkmen tarapynyň wekili
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
sebitiň döwletleri bilen bir hatarda, türkmen-saud hyzmatdaşlygyny ösdürmäge
aýratyn ähmiýet berýändiklerini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary öňe
ilerletmegiň esasy gurallarynyň biri bolan Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisini geçirmek boýunça
alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, saud tarapy şu ýylyň dekabrynda Saud
Arabystany Patyşalygynda Halkara ykdysady forumy geçirmegiň
meýilleşdirilýändigi barada aýdyp, türkmen tarapyny hormatly myhman hökmünde bu
halkara çärä gatnaşmaga çagyrdy we şol forumyň yzysüre hökümetara toparyň
nobatdaky 7-nji mejlisini geçirmegi teklip etdi. Bu meseleleriň ara alnyp
maslahatlaşylmagy üçin ýakyn wagtda saud wekiliýetiniň Türkmenistana sapar
bilen iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Saud ösüş gaznasynyň
hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek
maksady bilen, maýa goýum serişdelerini gönükdirmek bilen baglanyşykly
meselelere-de deglip geçildi.