16-njy noýabrda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny
amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag
institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen
tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki
döwürde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, obasenagat
toplumynda-da düzümleýin özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi
çekdi. Şunda ýurdumyzyň oba hojalygynyň ylmy esasda ösdürilmegine möhüm ähmiýet
berilmelidir.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy
D.Orazow şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-önümçilik
maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň teklip edilýän
ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi. Arkadag şäheriniň, Gökdepe etrabynyň,
Aşgabadyň dolandyryş çägi, onuň ugurlaryny görkezýän çyzgylar hem-de degişli
ýer bölekleri hakynda giňişleýin maglumat berildi.
Görkezilen şekil taslamalarynyň
hatarynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň we oňa degişli
ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň, ýyladyşhana toplumynyň, tejribe meýdanlarynyň
we beýleki düzümleriň, hususan-da, Oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrabynda bina ediljek Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň, Arkadag
şäherinde ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň teklip edilýän
baş meýilnamasy bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň
çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşinde möhüm
ähmiýeti boljak ylmy-barlag institutlarynyň oba hojalyk pudagyna degişli
ugurdaş düzümleriniň ähli desgalarynyň bu şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen
bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Şunda obasenagat toplumyna
degişli bilim ojaklarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň gurluşygyna örän
jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Binalaryň
ýerleşdiriljek ýerleri ylmy esasda içgin öwrenilmelidir. Şol bir wagtyň özünde,
degişli toplumlaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, ekologik
talaplaryň berk berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Gurluşyk
işlerinde obasenagat toplumynyň hünärmenleri bilen ýakyndan utgaşykly işe
aýratyn orun berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk
we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we
innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilendigini we bu ýerde
alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini nazara alanyňda, bu
künjegiň ekologik ýagdaýynyň degişli derejede saklanmagy häzirki döwrüň möhüm
talabydyr.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar
toplumynyň hem-de ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň teklip edilýän baş
meýilnamasy, uniwersitetiň ylmy-önümçilik tejribe meýdany, şunda ýüpekçilik we
ösümlikleri goramak işlerini geçirmäge, ot-iýmlik ekinler, miweli baglar,
üzümçilik, ýyladyşhana toplumy, gökçülik we bakjaçylyk, gowaça hem-de bugdaý
ekmek üçin niýetlenen ýer bölekleri, olaryň möçberi, synag meýdançasynyň teklip
edilýän görnüşleri barada hasabat berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz teklip
edilýän şekil taslamalary bilen tanşyp, obasenagat toplumynyň düzümleri üçin
zerur bolan ylmy açyşlaryň, bu ugra degişli ylmy işleriň ýokary derejede alnyp
barylmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurda
ýaýbaňlandyrylan we meýilleşdirilýän maksatnamalaryň üstünlikli amala
aşyrylmagy ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkidilmeginiň, obasenagat pudagynyň
eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň möhüm şertini emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiz ýokarda agzalan
taslamalara täzeden seretmegi, şeýle hem binalary gurmak boýunça halkara
bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň
ähli pudaklarynyň işini sazlaşykly alyp barmak, önümçilige täzeçil
tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär.
Gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-barlag önümçilik institutlarynda ekerançylykdan
bol hasyl almagyň, maldarçylygyň ähli görkezijiler boýunça ösdürilmeginiň, iň
esasysy bolsa, gök, bakja, maldarçylyk önümleriniň bolçulygynyň üpjün
edilmeginiň ähli ugurlary mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenilmelidir we
ösdürilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli
ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň Oba
hojalyk ministrliginiň we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, S.A.Nyýazow
adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň hem-de
Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ýolbaşçylary Arkadag şäherinde obasenagat
toplumyna degişli ylmy-barlag önümçilik institutlarynyň gurulmagynyň
meýilleşdirilmeginiň pudagyň ylmy esasda ösdürilmeginde ähmiýetli boljakdygyny
nygtadylar we kabul edilen çözgütler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza
toplumyň ähli düzümleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň işgärleriniň adyndan
hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Oba hojalyk
uniwersitetiniň we ugurdaş düzümleriň, şol sanda ylmy-barlag, önümçilik
institutlarynyň gurulmagynyň ýokary okuw mekdebinde berilýän bilimiň tejribe
arkaly berkidilmeginde aýratyn ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda
uniwersitetde bilim alýan talyplar ylmy-barlag institutlary bilen gatnaşykda
bolup, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda has-da ösdürmegiň ugurlaryny içgin
özleşdirmelidirler. Olar nazaryýetde alan bilimlerini tejribede, ylmy
önümçilikde yzygiderli berkitmelidirler.
Häzirki döwürde ýurdumyzda
hemmetaraplaýyn bilimli, ýokary hünärli, zähmetsöýer ýaş hünärmenleriň
ýetişdirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda ýaşlar häzirki
zaman ylmyndan, dünýäniň ösen tejribesinden we täzeçil tehnologiýalardan
habarly bolmalydyrlar. Munuň üçin ýaşlara berilýän bilim tejribe bilen
utgaşykly alnyp barylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýaşlaryň täze ylmy açyşlarynyň, öňe sürýän teklipleriniň içgin
öwrenilmelidigini, olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly
meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli
ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, oba hojalyk ministri N.Nazarmyradowyň,
daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazowyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurowyň we Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň ýolbaşçylarynyň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda oba
hojalyk toplumyna degişli döwrebap binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary,
olary üstünlikli amala aşyrmagyň esasy ugurlary barada aýdyp, bu işleri
netijeli ýerine ýetirmegiň toplumyň düzümleriniň sazlaşykly ösüşiniň üpjün
edilmeginde ähmiýetli boljakdygyny nygtady we bellenilen wezipeleriň üstünlikli
amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Soňra meýilleşdirilen işleri ýerine
ýetirmegiň ugurlary barada çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Wise-premýer, ilki bilen, obasenagat
toplumyna degişli düzümleriň binalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly taryhy
çözgüdi kabul edendigi hem-de bu ugurda öz oňyn maslahatlaryny berendigi üçin
toplumyň ähli düzümleriniň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we
tagallasy bilen gurlan nusgalyk şäheriň ikinji tapgyrynda obasenagat toplumyna
degişli täze binalaryň gurulmagynyň degişli ugurlaryň sazlaşykly ösüşine, bu
ugra degişli ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, däneçiligiň,
pagtaçylygyň, gök ekerançylygyň, maldarçylygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi
berjekdigini belledi.
Wise-premýer çykyşynyň dowamynda ähli
meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur
tagallalaryň ediljekdigine, şeýle hem ylmy-barlag önümçilik institutlarynyň,
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň utgaşykly işiniň ýola goýulmagy, ýerleriň
hasyllylygyny ýokarlandyrmak, mallardan alynýan önümiň mukdaryny artdyrmak
boýunça zerur işleriň geçiriljekdigine ynandyrdy. Şunda oba hojalyk düzümleriniň
işini ylmy esasda alyp barmagyň degişli düzümleriň netijeliligini artdyrjakdygy
bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň we
bu ugra degişli ylmy-barlag institutlarynyň bu ýerde gurulmagynda çuňňur
manynyň bardygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Taryhdan belli bolşy ýaly, dag
etekleriniň hoştap howasy, çeşme suwlaryndan gözbaş alýan suwly akabalar bu
ýerlerde daýhançylygyň kämil däpleriniň emele gelmegini, ýerleriň hasylly
bolmagyny üpjün edipdir. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň döwrüň
talabyna laýyklykda ösdürilmegi bu ýerleriň talabalaýyk özleşdirilmegine,
ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.
Döwlet Baştutanymyz milli daýhançylyk
däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny
belläp, talyp ýaşlaryň şöhratly pederlerimiziň halal zähmet baradaky asylly
ýörelgelerini içgin özleşdirmekleri ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini
belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy
D.Orazowa söz berildi.
Ol Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna
we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegi mynasybetli
dabara gatnaşandygy hem-de bu ýerde alnyp barylýan işleriň döwletimiziň
hemişelik üns merkezinde saklanýandygy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna
ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik
toplumlarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşygyna örän jogapkärçilikli
çemeleşmelidigini belläp, gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň,
olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna
ünsi çekdi. Täze şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli
amala aşyryldy. Okuw mekdeplerinde sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa
«akylly» öý ulgamy ornaşdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Täze
şäheriň ekologik abadançylygy üçin köp işler amala aşyryldy. Onuň daşky gurşaw,
tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin zerur çäreler görüldi.
Arkadag şäherinde önümçilik kuwwatlyklaryny
gurmak baradaky çözgüt milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, şäher ilatynyň
abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine döwletimiz tarapyndan
berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Şunda obasenagat toplumyna
degişli desgalaryň gurulmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherinde
guruljak Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň,
ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk
institutlarynyň, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky Ylmy-barlag
pagtaçylyk institutynyň täze guruljak binalarynyň taslamalarynyň
taýýarlanandygyny, olaryň ýokary hilli amala aşyrylmagynyň obasenagat
toplumynyň ösdürilmeginde wajyp orun eýelejekdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz uniwersitetiň garamagynda ekerançylyk ýerleriniň, ýyladyşhananyň,
dürli görnüşli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň bolmalydygyny belläp,
talyplaryň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, zyýankeşlere garşy göreşmek
endiklerini ösdürmelidiklerine ünsi çekdi. Şunda milli daýhançylyk däpleri
özleşdirilip, häzirki döwürde howanyň we tebigatyň üýtgeýän ýagdaýy bilen
öňünden tanşyp bilmekleri, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde zerur
bolan maglumatlar bilen üpjünçiligi sanly ulgamy özleşdirmek arkaly ýola
goýulmalydyr.
Şol bir wagtyň özünde, uniwersitetiň
talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw we ýaşaýyş-durmuş,
dynç alyş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly
Prezidentimiz ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenler
taýýarlanylýan ýokary okuw mekdebi, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba
hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini belledi.
Obasenagat
toplumynyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, ýokary öndürijilikli, ýurdumyzyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän kuwwatly tehnikalary satyn almak meseleleri döwlet
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda daýhan zähmetine, olar
üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berilmelidir. Bu
baradaky gürrüňi dowam edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz daýhanlary ykdysady
taýdan höweslendirmek maksady bilen, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş
nyrhlaryny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan şertleri üpjün etmegiň, degişli
teklipleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi daýhanlaryň topraga
söýgüsiniň has-da artmagynda, olaryň çekýän yhlasly zähmetinde uly hyjuw
döretmeginde, öndürilýän önümleriň möçberiniň yzygiderli artmagynda, ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet
Baştutanymyzyň ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň
mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen, öndürijilikli zähmet çekmäge
ruhlandyran ähmiýetli başlangyjy iş maslahatyna gatnaşyjylarda uly buýsanç
duýgusyny döretdi.
Hormatly
Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, hemmelere öňde durýan wezipeleriň durmuşa
geçirilmeginde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.