2023-nji ýylyň 28 —
30-njy noýabry aralygynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek Azyk
önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan ─ 2023» atly
halkara sergisi geçiriler. Bu halkara sergisini
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy
bilelikde guraýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
döwrebap binasynda geçiriljek bu gözden geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň
innowasiýalara esaslanýan ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitleri, şeýle hem
daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribeleri we işläp
taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler.
Bu halkara sergide Azerbaýjanyň,
Germaniýanyň, Hytaýyň, Moldowanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we beýleki onlarça
daşary ýurtlaryň degişli pudaklarynyň kompaniýalary bilen bir hatarda
Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçiler we
kompaniýalar azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri we gaplama
enjamlary, azyk önümleri we iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň
tehnologiýalary, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk we
tokaýçylyk ugurlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba
hojalyk önümleri, tohumlar we dökünler, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlar boýunça
öz hyzmatlaryny we önümlerini hödürlärler.