Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür
toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen
uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi,
suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan
başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Irlandiýa Respublikasynyň,
Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma önümleri, aşgarlanmadyk we jins matasy, nah
ýüplük, regenerirlenen pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 492 müň
dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin
jemi bahasy 22 million 514 müň manatdan gowrak bolan polipropileni
(«Türkmennebit» döwlet konserni), el halylaryny, dokma önümleriniň dürli
görnüşlerini, aşgarlanmadyk matany satyn aldylar.