12-nji noýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler
ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hammadi bilen duşuşygy
geçirildi.
Duşuşygyň
barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine
ygrarlydyklaryny nygtadylar. Diplomatlar
döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen, iň ýokary we ýokary
derejelerdäki saparlary guramagyň möhümdigini bellediler. Hyzmatdaşlygyň
şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda hem bilelikdäki işleriň
sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.
Taraplar medeni-ynsanperwer
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny
tassykladylar.