14-nji noýabrda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy
bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
B.Annamämmedow boldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabatda we onuň
töwereklerinde giň möçberli özgertmeler maksatnamalary üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk
maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýan işleriň hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda
hem-de Arkadag şäheriniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň, Aşgabady
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň barşyny synlady.
Şunda adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şol sanda amatly ýaşaýyş
jaýlaryny gurmak bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda
dürli maksatly binalaryň gurluşyklary bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag
düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylmagyna hem uly üns
berilýär. Baş şäherimiziň döwrebap ýollary, seýilgäh zolaklary, ekologik
ýagdaýy bir bitewi sazlaşygy emele getirip, paýtagtymyzyň şähergurluşyk
derejesini has-da belende göterýär.
Aşgabadyň günbatar böleginde, hususan-da, “Gurtly” we “Köşi” ýaşaýyş
toplumlarynyň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan has oňaýly ýaşaýyş
jaýlary guruldy. Bu toplumlarda ugurdaş durmuş desgalarynyň bina edilmegine
aýratyn üns berildi. Belentlikden şäheriň bu künjeginde ýaýbaňlandyrylan
gurluşyk işleriniň gerimi aýdyň görünýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil
derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Desgalaryň öz
wagtynda ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler hem yzygiderli
gözegçilikde saklanylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Aşgabadyň günbatar künjegine tarap ugur
aldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow guşuçar belentlikden
Büzmeýin etrabynyň çäklerinde gurlan dürli maksatly binalary, häzirki zaman
talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we häzirki döwürde gurluşygy
batly depginde dowam edýän toplumlarda alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlap,
olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ekologik kadalara kybap gelýän bu desgalar gurlanda, ylmyň ýokary
gazananlary we bu ulgamda ösen tejribeler işjeň ulanylýar. Munuň özi döwlet
Baştutanymyz tarapyndan gurluşyk taslamalaryna bildirilýän talaplaryň
üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan Arkadag
şäheriniň ýokarsynda öwrüm etdi. Häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynyň işlerine badalga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň şäherleriniň
we obalarynyň köpugurly ösdürilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi bilen
baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň
beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň
berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen
uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy
ýaly, Arkadag şäheriniň hojalyk düzümini mundan beýläk-de ösdürmek,
guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle
hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutup,
«Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi
hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, täze şäheriň çägini giňeltmek
boýunça Karar kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz resminamadan gelip çykýan
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla
edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli düzümler bilen
bilelikde iş alyp barmagy tabşyrdy.
Uçuşyň dowamynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň beýik geçmişiniň
şaýady bolan Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý galasyny synlady. Bu ýerde
degişli rejeleýiş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi türkmen halkynyň
taryhyň dowamynda döreden kuwwatly döwletleri baradaky maglumatlaryň geljek
nesillere ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Giň gerimli täzeçil taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, saglygy
goraýyş ulgamynda öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn we oýlanyşykly
çemeleşilmegi netijesinde paýtagtymyzda ugurdaş desgalaryň iri toplumy
döredildi. Munuň özi döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen
adamlaryň saglygy baradaky aladanyň ýurdumyzyň syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň dikuçary häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde
dowam edýän Stomatologiýa merkeziniň ýokarsynda öwrüm etdi. Şu günler bu ýerde
başy başlanan gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň
saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarynyň üstüni ýetirjek täze merkeziň
gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi
sazlaşykly utgaşdyrylýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şäheriň merkezi
böleginde ýerleşýän seýilgäh zolagy, onuň çäklerinde bar bolan ugurdaş
desgalary synlady we seýilgähiň arassaçylygyny, abadançylygyny üpjün etmek
meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Häzirki döwürde
raýatlarymyz üçin oňaýly şertleri döretmek bilen bir hatarda, olaryň ýokary
derejeli dynç alşynyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär. Seýilgähde şäher
ilatynyň we onuň myhmanlarynyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan,
gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Häzirki wagtda paýtagtymyzda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen, ýokary
derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän halkara lukmançylyk merkezleriniň
birnäçesi hereket edýär. Şeýle desgalaryň gurulmagy döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridir. Aşgabadyň günorta böleginde Halkara pediatriýa
merkeziniň gurluşygy munuň aýdyň beýanydyr.
Paýtagtymyzda durmuş düzümine degişli binalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet
berilýär. Şunda häzirki zaman saglyk edaralarynyň gurluşyklaryna möhüm ornuň
degişlidigini bellemek gerek. Aşgabadyň merkezi böleginde bina edilýän Halkara
sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler kesgitlenen
meýilnama laýyklykda dowam edýär. Munuň özi täze merkeziň gurluşygynyň öz
wagtynda we ýokary hilli tamamlanjakdygyny görkezýär.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki
merkeziniň gurluşygynyň dowam edýän künjegine tarap ugur aldy.
Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň
desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga
gönükdirilen toplumlaýyn çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şäheriň demirgazyk künjeginde
alnyp barylýan gurluşyk işlerini, hususan-da, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň
çägindäki Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny synlady. Şeýle
işleriň giň gerimi we depgini adamlaryň saglygy baradaky alada gönükdirilen
döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli
bolan häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygyna, ozal bar
bolanlarynyň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagyna, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň
göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini bellemek gerek.
Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, adamlaryň göwnejaý ýaşamagy we zähmet
çekmegi, ösüp gelýän ýaş nesliň toplumlaýyn bilim almagy üçin oňaýly şertleri
döretmek bilen bagly wezipeleriň çözülmegi paýtagtymyzyň şähergurluşyk
maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar. Ilatyň
abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek ak mermerli Aşgabatda
üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasyny düzýär. Bu bolsa
ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi ugrunda yzygiderli alada
edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow uçuş mahalynda şäheriň çäklerinde
alnyp barylýan işleri synlap, ýerine ýetirilýän giň möçberli işlerde
Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilimli we kämil hünärli
bolmaklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, häzirki döwürde hereket edýän
Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, “Güneşli” ady bilen bina ediljek täze
merkeziň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz täze toplumyň gurluşygyna örän jogapkärli
çemeleşmelidigini belläp, onuň bina ediljek ýerini kesgitledi we degişli
halkara bäsleşigi yglan etmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu merkez Aşgabadyň gözel
ýerleriniň birinde, tämiz howaly ajaýyp künjeginde, arassa ekologik gurşawyň
jümmüşinde gurlar we çagalaryň durmuşyna şatlyk bagyşlar.
Döwlet Baştutanymyz bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen
Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilimli bolmaklary,
döredijiligiň üsti bilen ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri we olaryň dünýä
ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, çagalaryň zähmete bolan höwesini
artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Täze merkezde
dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur
şertleriň döredilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz merkeziň taslamalary
taýýarlananda we onuň gurluşygynda häzirki zaman talaplarynyň göz öňünde
tutulmalydygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň nurana geljegini gurujylar bolan
ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, zähmetsöýer nesiller bolup
ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, desganyň gurluşygynda
döwrüň ösen tejribeleriniň we ylmyň gazananlarynyň netijeli ulanylmagyna wajyp
ähmiýet berilmelidir. Binalaryň talabalaýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagy möhüm
wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady
we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmeginiň ýaşlaryň halal zähmete, netijeli işlere we çeper döredijilige
bolan höwesiniň ýokarlanmagynda ähmiýetlidigini belläp, bu ugra degişli
binalaryň gurluşygynda çagalaryň zähmet endiklerini ýokarlandyrmaga
gönükdirilen düzümleriň döredilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini
nygtady. Munuň özi şahsyýetiň döwrebap bilimli-terbiýeli we zähmetsöýer bolup
ýetişmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Häzirki wagtda ak mermerli Aşgabadyň ähli künjekleri sazlaşykly ösdürilýär.
Şunda durmuş ulgamyna degişli desgalaryň, ähli amatlyklary özünde jemleýän
ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. Şeýlelikde, şäheriň günorta
künjegindäki “Parahat” ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde şeýle desgalaryň gurluşygy
batly depginlerde dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde, paýtagtymyzyň ekologik
abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilip alnyp barylýan işleriň
netijesinde döredilýän ýaşaýyş toplumlarynyň desgalary bir bitewi sazlaşygy
emele getirýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza “Parahat” ýaşaýyş
toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da
gowulandyrmak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylyşy hem-de Aşgabadyň şu
künjeginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde
maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň depgini bilen tanşyp,
durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatyň uly
rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Paýtagtymyzyň ýaşaýyş
toplumlarynda gurulýan desgalar we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary
aşgabatlylar üçin ajaýyp sowgatdyr. Munuň özi şähergurluşyk strategiýasynda durmuş
ugrunyň ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk
işleriniň we meýilleşdirilen ähli çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine
ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine, degişli düzümleriň
sazlaşykly işiniň yzygiderli ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uçuşy tamamlap, öňde goýlan
möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.