10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 9-njy noýabrda Daşkentde geçirilen 16-njy sammitine gatnaşmagynyň jemleri barada hem hasabat berdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki duşuşykda beýan eden başlangyçlaryny we olardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen teklipleriň taýýarlanylandygy barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek, şeýle hem YHG bilen hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek maksadynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ulag-üstaşyr gatnawlar boýunça Çarçuwaly ylalaşygyny hem-de oňa degişli Teswirnamany tassyklamak boýunça degişli işleri amala aşyrmak teklip edilýär.

Wise-premýer Prezident Serdar Berdimuhamedowyň YHG-nyň 16-njy sammitindäki çykyşynda serhetýaka we sebit söwdasyny ösdürmek üçin YHG-nyň mümkinçiliklerini doly ulanmak baradaky meselä deglip geçilendigi, bu babatda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi barada aýdyp, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek, şu maksatlar bilen YHG-nyň hünärmenlerini çekmek boýunça teklibi beýan etdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we YHG-a agza ýurtlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigini nygtady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi