13-nji noýabrda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali
Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik
we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň
Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny we türkmen halkyna
parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny
ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler
üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň döwlet ýolbaşçylaryna iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem ilçini jogapkärli diplomatik wezipä
bellenilmegi bilen gutlap, işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Nygtalyşy ýaly, Eýranda Türkmenistan
bilen gatnaşyklarda däp bolan taryhy we medeni köklere uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk
döredijilikli syýasaty özara bähbitli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny,
ilkinji nobatda, ýakyn goňşy ýurtlar bilen umumy abadançylygyň maksatlaryna
laýyk gelýän gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli guraly bolup durýar.
Söhbetdeşligiň barşynda birek-birege
hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, iki halkyň ruhy-ahlak umumylygynyň,
gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berk binýadynda gurulýan
köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen
duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Eýranyň doly ygtyýarly wekili
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň
çäklerindäki özara hereketlere aýratyn üns berildi. Şeýle hem Eýranyň
ýurdumyzyň sebitdäki iň ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyna
üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda deňhukuklylyk,
özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň döwletara ykdysady
gatnaşyklaryň okgunly ösüşine laýyk gelýändigi bellenildi.
Söhbetdeşler özara hereketleriň ileri
tutulýan ugurlarda oňyn ösdürilýändigini nygtap, ýangyç-energetika,
ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga,
gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny
tassykladylar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran
toparyna aýratyn orun degişlidir.
Binýadynda iki halkyň taryhy-medeni
umumylygy we ruhy ýörelgeleri duran medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk
türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bilelikdäki medeni
çäreler, hususan-da, Medeniýet günleri, dürli sergilerdir beýlekiler döwletara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly itergi berýär.
EYR-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de
yzygiderli çuňlaşdyrmak we hil taýdan täze, ýokary derejä çykarmak üçin öz
tarapyndan ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we diplomat soňky ýyllarda täze mazmuna
hem-de ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly
ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.