Türkmenistanda Arkadag şäheriniň çäginde käbir üýtgeşmeler girizildi. Bu
barada Türkmenistanyň Mejlisi degişli Karary kabul etdi.
Kararda bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan
beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek
maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz
öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini
çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şeýle çözgüt kabul
eildi.
Resminamada görkezilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar
ýerini hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş
çägine geçirdildi.
Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi
Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň dolandyryş
çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirer.
Çeşme: «Türkmenistan:
Altyn asyr».