9-njy noýabrda
paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we
teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we
ylmy maslahat öz işine başlady. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de
ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Milli maglumat we
telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň gazanan üstünliklerini,
mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge gönükdirilen iri pudaklaýyn forum
geçirilýän ýyllarynyň dowamynda bu ulgamda hyzmatdaşlaryň dialogy hem-de dünýä
derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak üçin
netijeli meýdança öwrüldi.
Durmuş-ykdysady
ösüşiň toplumlaýyn maksatnamalarynyň ýokary depgini we üstünlikli amala
aşyrylmagy, uzak möhletleýin geljege niýetlenen ajaýyp meýilnamalar
Türkmenistanda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda
telekommunikasiýalar, ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalary ulgamyna maýa
goýumlary çekmäge mümkinçilik berdi. Halkara ölçeglere laýyk gelýän we maglumat
aragatnaşygynyň hilini üpjün edýän kämil telekommunikasiýa ulgamynyň
döredilmegi ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraýyny pugtalandyrmaga ýardam
eder hem-de türkmen döwletiniň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde baglanyşdyryjy
merkez hökmünde däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky iň möhüm
maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde ösüşiniň geljekki ugruny hem kesgitlär.
Türkmenistan dünýä
tejribesindäki ähli täzeçillikler we öňdebaryjy gazanylanlar üçin açykdyr
hem-de milli bähbitleri göz öňünde tutup, ähli ýurtlar bilen ýakyn aragatnaşygy
ýola goýmaga taýýardyr. Munuň şeýledigine nobatdaky foruma Azerbaýjandan,
Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýadan,
ABŞ-dan, Türkiýeden, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan
wekiliýetleriň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Olar daşary ýurtlaryň
aragatnaşyk, telewideniýe ulgamlary boýunça döwlet düzümlerine, dünýäniň
öňdebaryjy kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýokary tehnologiýaly enjamlary
öndürijiler we iberijiler, täze tehnologiýalary, IT hyzmatlaryny, programma
üpjünçiliklerini işläp düzüjiler, aragatnaşyk we kontent-prowaýder ulgamlarynyň
iri halkara operatorlarydyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň öňden gelýän
hyzmatdaşlary we netijeli gatnaşyklary täze ugurlar boýunça dowam etdirmegi
maksat edinýän «Thales Аlenia Space», «Nokia», «Huawei», «WNS», «Eling»,
«Geedge Networks», «Eutelsat», «Kazakhtelecom», «Tranzit Telecom», «AMD»,
«Rostelecom» kompaniýalary we beýlekiler bar.
...Söwda-senagat
edarasynyň sergiler zalynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Aýdym-sazlar
belentden ýaňlanyp, döredijilik toparlary tanslary ýerine ýetirdiler, milli
lybasdaky gyzlar bu ýere gelenlere däp bolan duz-tagamlary hödürlediler. Bu
ýerde hemmelerde uly täsir galdyran robotlaryň şüweleňi hem guraldy. Ägirt uly
bannerlerde kommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynda ýokary tehnologiýalaryň
gazananlary bilen bagly wideoşekiller görkezilýär.
Forumyň açylyş
dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň
ýolbaşçylarydyr wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular
gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş
tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI
halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda häzirki döwürde
milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze
innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny
ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenilýär. Bäsdeşlige
ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlar ulgamyny hil taýdan täze derejä
çykarmak we ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa
goýumlar gönükdirilýär. Sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-enjamlaýyn, hukuk
binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki
özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. «Ýöriteleşdirilen forumyň
ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda,
geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara
alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna
berk ynanýaryn» diýlip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Gutlagynda nygtalýar.
Iki günüň dowamynda
serginiň myhmanlaryna dürli ugurlar, şol sanda maglumat tehnologiýalary,
telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeg enjamlary, simsiz aragatnaşyk,
professional ses we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleridir olaryň düzüm
bölekleri boýunça serişdeler görkeziler.
Ulgamlaýyn düzüme
goşulan sanly, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de
halk hojalygy toplumynyň dürli ulgamlarynyň işiniň netijeliligini
ýokarlandyrmagyň usulyna öwrüldi. Şoňa görä-de, maglumat önümlerini,
aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary Türkmenistanyň häzirki
zaman ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynyň birine öwrülmelidir. Onuň netijeli
işlemegi bolsa beýleki pudaklaryň ösüşine, umumylykda, makroykdysady ýagdaýlara
oňyn täsirini ýetirýär.
Giň gerimli sergide
60-dan gowrak gatnaşyjy — aragatnaşyk we telekommunikasiýalar pudagynda uzak
möhletleýin geljege gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalaryny hem-de
taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümleri we
olaryň daşary ýurtly ygtybarly hyzmatdaşlary, beýleki ýurtlaryň
kompaniýalarydyr firmalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýan türkmen telekeçileri
öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
«Türkmenaragatnaşyk»
agentliginiň we «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň diwarlyklarynda
myhmanlara hem-de sergä gatnaşyjylara torly we ykjam aragatnaşyk
serişdelerinde, telearagatnaşyk ulgamlarynyň binýadynda maglumatlaryň elektron
geçirilişi, milli teleradio gepleşikleriniň alnyp görkezilişiniň hilini üpjün
etmek boýunça hyzmatlarynyň görnüşleri görkezilýär. «Türkmenpoçtanyň» diwarlygy
täze hyzmatlary hödürleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu kärhananyň ýüzden
gowrak şahamçasy işleýär. Olar hatlaryň, ýollamalaryň we döwürleýin neşirleriň
bökdençsiz ugradylmagyny, jemagat hojalygynyň hyzmatlary, tizleşdirilen poçta
ibermeleri we beýlekiler üçin tölegleriň kabul edilmegini üpjün edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak
strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi okgunly häsiýete eýe boldy. Munuň özi
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyna” doly laýyk gelýär.
Halkara
hyzmatdaşlyga bagyşlanan diwarlyklar sergide giň meýdançany eýeledi.
Türkmenistan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilçilik etmeginde GDA-nyň
Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (ASA) doly agzasy boldy. Häzirki wagtda
ASA GDA-nyň elektrik we poçta aragatnaşygy babatda döwletara utgaşdyryjy
geňeşiniň wezipelerini ýerine ýetirýär. Şunuň bilen birlikde, ol Halkara
elektroaragatnaşyk birleşiginde (HEB) hem-de Bütindünýä poçta birleşiginde
(BPB) synçynyň derejesine eýe bolan halkara gurama bolup, halkara we sebit
düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar.
Şu gezekki
ýöriteleşdirilen forumyň öňüsyrasynda GDA agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça
sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy
mejlisiniň hem-de GDA agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça
utgaşdyryjy geňeşiniň bilelikdäki 29-njy mejlisiniň geçirilendigini bellemek
gerek. Bu mejlisler halkara aragatnaşyk ulgamynyň möhüm wezipelerini çözmegiň
bilelikde peýdalanyljak gurallaryny işläp düzmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem
çäräniň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Ýurdumyz «Açyk
gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaş döwletler
bilen bilelikde gadym döwürlerde Gündogaryň hem Günbataryň medeniýetlerini
baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilmegine işjeň
gatnaşýar.
Optiki-süýümli
magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça gazanylan üstünlikleri beýan
edýän bölüm sergä aýlanyp görýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Bu taslamalar
diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk —
Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy
döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda
ýurdumyzda maglumat geçiriji döwletara optiki-süýümli ulgamlaryň 8-si hereket
edýär. Şeýle hem gözden geçirilişde simli telefon aragatnaşygyny ösdürmek
ulgamynda, «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlarynda gazanylan üstünlikler
görkezildi. Şeýle bank hyzmatlary arkaly ýurdumyzyň çäginde hem-de daşary
ýurtlarda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek
we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek mümkindir.
Sergide döwlet
edaralary bilen birlikde, ýurdumyzyň telekommunikasiýalar we kompýuter
tehnologiýalary bazarynda, şol sanda tehniki torlara hyzmat etmek, teleradio
ýaýlyma beriş, wideogözegçilik we howpsuzlyk ulgamlarynda üstünlikli iş alyp
barýan hem-de yzygiderli ösýän hususy kärhanalaryň, kompaniýalaryň köp
sanlysynyň öz hyzmatlaryny mynasyp şöhlelendirendikleri bellärliklidir. Hojalyk
jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň 30-a golaýy, şolaryň hatarynda «Aýdyň
gijeler», «Imdat elektronika», «Diýarkom», «Türkmen hemrasy», «Sitkom», «Beýik
Ýüpek ýoly», «Ýokary tilsimatlar merkezi», «Türkmen Akaba» ýaly kompaniýalar
ýurdumyzyň telekommunikasiýalar ulgamyny, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny
öňdebaryjylaryň hataryna çykarmakda telekeçileriň goşýan uly goşandyny giňden
açyp görkezdi.
Halkara gözden
geçirilişe ulag ulgamynyň agentlikleri we pudaklaýyn kärhanalary hem işjeň
gatnaşdylar. Ýokary duýujylykly radionawigasiýa ulgamlary, ulag akymlaryna
gözegçilik we beýlekiler olaryň üstünlikli işini hem-de howa, awtomobil, demir
ýollarda hereketleri netijeli dolandyrmagy üpjün edýär.
Ýurdumyzda elektron
resminama dolanyşygyna geçmek milli aragatnaşykçylaryň öňünde durýan möhüm
wezipeleriň biridir. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy kärhanalary dolandyrmagyň
netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edip, işleri alyp barmagyň ähli
tapgyrlaryna tiz gözegçilik etmäge, resminamalaryň dolanyşygyny we esasy işleri
ýerine ýetirmekdäki wagty azaltmaga, iş ýagdaýynda çözgütleri kabul etmek üçin
zerur bolan maglumatlary dessin tapmaga mümkinçilik berer. Bu artykmaçlyklaryň
ählisi, ahyrky netijede, önümçilikdäki işleriň diňe bir aýry-aýry kärhanalaryň
we pudaklaryň derejesinde däl, eýsem, ýurdumyzyň bütin ykdysady toplumynyň ösüş
depgininde-de beýanyny tapýar.
«Smart-siti»
konsepsiýasy esasynda gurlup ulanmaga berlen Arkadag şäheri sanly,
maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň giň
gerimlidigine şaýatlyk edýär. Täze şäher milli binagärligiň iň gowy
ýörelgeleriniň we häzirki zaman dizaýn usullarynyň sazlaşygyny özünde jemleýär.
Halkara ülňülere, şol sanda ekologik talaplara doly laýyk gelýän, oýlanyşykly
işlenip düzülen şäher gurşawy ýaşaýjylaryň amatly, rahat durmuşyny üpjün edýär.
Tutuşlygyna alnanda, Arkadag şäheri ýörite goşundylar hem-de programma
üpjünçiligi arkaly dolandyrylýan maglumat-kommunikasion tehnologiýa
çözgütleriniň bitewi meýdançasydyr.
Serginiň dowamynda
daşary ýurtly myhmanlar türkmen kärdeşleri bilen birnäçe işewürlik
duşuşyklaryny geçirdiler. Telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary
ulgamlaryny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary bilen giňişleýin tanyşlyk
hödürlenilýän teklipleriň gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşylmagyna,
özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açmaga şert döretdi.
Şeýle hem şu gün
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş hünärmenleriniň
gatnaşmagynda utgaşykly görnüşde «Data merkezlerini» ösdürmek we döretmek
boýunça ýaşlaryň barlaglary» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň
barşynda “Data merkezlerini” işläp taýýarlamak we döretmek, giň göwrümli
maglumatlary işläp taýýarlamagyň, saklamagyň talaplaryny ýönekeýleşdirmek,
müşderilere hyzmat etmegiň hilini gowulandyrmak, täze tehnologiýalar bilen
netijeli işlemek üçin işgärleri okatmak hem-de olaryň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän barlaglaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam
etdirmegiň zerurdygy bellenildi.
...Günüň ikinji
ýarymynda ylmy maslahat öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň
alymlary, bilermenleri, işewürleri öz teklipleri bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň işewürlik maksatnamasy adaty we onlaýn görnüşde guralan «Sanly
transformasiýa: halkara dialog we hyzmatdaşlyk» atly umumy mejlisi hem-de
«Sanly transformasiýa: kiberhowpsuzlyk», «Kommunikasiýalaryň geljegi», «Hemra
tehnologiýalary, goşundylary we durnukly ykdysadyýeti hereketlendiriji güýç
hökmünde hyzmatlar», «Sanly ösüşde döwlet strategiýasy: durnukly, ahlakly, giň
gerimli sanly jemgyýeti gurmak» atly iş mejlisleriniň dördüsini öz içine aldy.
Umumy mejlisiň
barşynda ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri häzirki
zaman telekommunikasiýalar ulgamlarynyň, maglumat üpjünçiliginiň ýagdaýyna syn,
olaryň geljekki ösüşine we mümkinçiliklerine baha berdiler. Nygtalyşy ýaly,
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň,
Bütindünýä poçta birleşiginiň, GDA-nyň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň,
GSM assosiasiýasynyň, Sanlary we domen atlary berkitmek boýunça internet
korporasiýasynyň (ICANN) we başga-da birnäçe iri halkara guramalaryň doly
hukukly agzasy bolup, bu düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamyny kadalaşdyrýan hukuk binýady hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna we
döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda
«Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet
hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda»,
«Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron
resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda»
Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.
Gazanylan
üstünlikleriň hatarynda Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny
uçuryp, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy guwandyryjy wakadyr.
Ol adaty hem-de ýokary mümkinçilikli teleýaýlymlaryň onlarçasyny alyp
görkezmäge şert döredýär. Ondaky iň täze enjamlar multiserwis aragatnaşyk
hyzmatlarynyň toplumyny hödürlemäge niýetlenendir. Häzirki wagtda döwlet
Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ikinji
milli emeli hemrany döretmek hem-de uçurmak boýunça işleri alyp barýar.
Umumy mejlisiň
barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň
Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine
ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana, Halkara elektroaragatnaşyk
birleşiginiň Baş sekretary Dorina Bogdan-Martina sanly ulgam arkaly gutlag sözleri
bilen çykyş etdiler. Şeýle hem forumyň açylyş dabarasynda HEB-niň GDA ýurtlary
üçin sebit bölüminiň direktory Natalýa Moçu, GDA-nyň Aragatnaşyk boýunça sebit
arkalaşygynyň Baş direktory Nuriddin Muhitdinow we beýleki abraýly guramalaryň
wekilleri, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň degişli ministrlikleriniň
ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Nygtalyşy ýaly,
Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi, onuň durmuş-ykdysady
görkezijilerine halkara işewür toparlaryň berýän ýokary bahasy, halkymyzyň durmuş
derejesiniň has-da gowulanmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan parasatly
döwlet syýasatynyň netijesidir. Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamlaryny we
telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça täze taslamalar halkyň
maddy üpjünçiliginiň we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Munuň özi iri daşary ýurt maýadarlarynda aýratyn gyzyklanma döredýär.
Merkezi Aziýada
hemra aragatnaşygynyň täze operatory hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ähmiýetli
orny hakynda çykyşlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Hemra kommunikasiýa
tehnologiýalary we programma önümleriniň bazary, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek
ýaly ugurlar boýunça özara pikir alyşmalar bilen maslahat işini birinji
mejlisde dowam etdi.
Ykdysadyýetiň
ählumumy sanlylaşdyrylmagynyň kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan
hünärmenleriň innowasion tehnologiýalary çalt depginlerde özleşdirmek
meselelerine aýratyn üns bermegini talap edýändigi bellenildi. Kommunikasiýalar
ulgamynyň geljegi «internet meýdançalar», «bulut serwisleri», «5G», «Big Data
tehnologiýalaryna geçmek», «ykjam maliýe», «kontenti özleşdirmegiň usullary»
ýaly düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Maslahata gatnaşyjylaryň
çykyşlary taýýarlanylan şekiller bilen utgaşdyrylyp, olar aragatnaşyk we
maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlygy pugtalandyrmak, sanlylaşdyrmakla IP
ulgamyny, interneti ornaşdyrmak we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy
diwersifikasiýalaşdyrmak babatda öňe sürlen teklipler bilen giňişleýin
tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Foruma gatnaşýan
daşary ýurtly bilermenler türkmen kärdeşleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk
etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli
ünsi we goldawy netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman pudaklaýyn düzümleriniň
kemala getirilendigi, innowasion işleri alyp barmak üçin şertlerdir
mümkinçilikleriň döredilendigi bellenildi.
Forumyň çäklerinde
Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maglumat-aragatnaşyk
tehnologiýalary ugruna ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen
duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda aragatnaşyk we kommunikasiýalar
ulgamynda geljegi uly meýilnamalary hasaba almak bilen, däp bolan
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen
baglylykda, daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara ylmy gatnaşyklary
işjeňleşdirmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam
edýän halkara guramalar we degişli düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy.
Maslahatyň
çäklerinde «Mobil aragatnaşyk ulgamynyň indiki tapgyryny işe girizmek
(IMT-2020/5G)» atly türgenleşik sapagy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar 5G ulgamly
giňişligiň ägirt uly bähbitlere eýe bolan aýratynlyklary bilen tanyşmaga
mümkinçilik aldylar. Nygtalyşy ýaly, aragatnaşyk ulgamynyň 5G — «bäşinji
nesliniň», uly maglumatlaryň (Big Data) seljerilmegi we zatlaryň interneti
(IoT) bilen bilelikde sanly ykdysadyýetiň esaslarynyň biri bolmaga
gönükdirilendir. Onuň esasy herekete getirijisi bolsa emeli aň tehnologiýalary
bolmalydyr.
Aragatnaşygyň
ozalky görnüşlerinden tapawutlylykda, 5G-niň hyzmatlar ugry giň möçberli
häsiýete eýe bolup, hyzmatlary ýerine ýetirmek mümkinçilikleri çäksizdir.
Aslynda, işläp taýýarlaýjylaryň operatorlar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy
netijesinde täze hyzmatlar döredilende, 5G ulgamy täze hyzmatlary we
goşundylary işläp taýýarlamak üçin bu giňişlikde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Umuman,
5G ulgamy diňe bir mobil aragatnaşygyny özünde jemlemän, eýsem, beýleki
görnüşleri, şeýle-de ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýöriteleşen we kärhana üçin
niýetlenen ýokary tizlikli internet elýeterliligini hem üpjün edýär. 5G
ulgamyny ulanmak arkaly täze hyzmatlar «akylly» öý tehnologiýalarynda,
lukmançylykda, beýleki ugurlarda-da peýdalanylyp bilner.
Maslahatyň işiniň
birinji gününiň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag
we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen
Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça
Döwlet gullugynyň arasynda maglumat howpsuzlygy ulgamynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «ELINC China
Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar
agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň
Federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag
tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; «Türkmen
hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Fransiýanyň «Thales Alenia
Space France SAS» hem-de «Eutelsat» kompaniýasynyň arasynda gizlinlik we aýan
etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Şu gün hem
«Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergi we ylmy maslahat ugurdaş mejlislerde
öz işini dowam edýär. Olaryň gün tertibine aragatnaşyk, hemra tehnologiýalary,
ykdysadyýetde sanly goşundylar we hyzmatlar, sanly öwrülişik hem-de sanly
jemgyýeti ösdürmek bilen bagly meseleler giriziler.
Forumyň jemleýji
gününde oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp
taýýarlamaga, bu ugurda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri
işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek, degişli güwänamalary
gowşurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de talyplaryň arasynda geçirilen «Sanly
çözgüt — 2023» atly bäsleşigiň jemleri jemlener.