Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
(YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryny serhetýaka we sebitleýin
söwda mümkinçiliklerini hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, YHG-niň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak
maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak
möhüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bu babatda biziň
halklarymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlary, döwrüň hakykatlaryny göz öňünde tutup,
gaýtadan janlandyrylmagy, ulanylmagy we baýlaşdyrylmagy talap edýän gymmatly
tejribesi bar. Arkadagly Serdarymyz munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy
döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutmalar ulgamy bolan sebitleýin
hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdygyny belledi.
«Kiçi we orta
telekeçiligiň üsti bilen işewür gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, senagat
önümleriniň käbir görnüşlerini, oba hojalyk önümlerini öndürmek, hyzmatlary
ýerine ýetirmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly
ähmiýet berýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda
ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçilikleri we niýetleri barada has giň habardar
bolmak üçin anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki
zerur maglumatlary öz içine alýan «Maglumat portalyny» döretmek baradaky pikire
seretmegi teklip etdi.