Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
(YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, Sanly tehnologiýalar we elektron söwda
boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly,
Türkmenistan 2021-nji ýylda YHG-de başlyklyk eden döwründe YHG-niň sebitinde
ykdysady geçelgeleri döretmek boýunça işe başlamagy teklip etdi.
«Olary harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe
serişdeleriniň hereket etmegi üçin durnukly esasy ugurlaryň ulgamy hökmünde
görýäris. Munuň üçin ýurtlarymyzyň öňdebaryjy senagat şereketleriniň, maýa
goýum kompaniýalarynyň we banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we
ulgamlaýyn esasda ösdürmek zerurdyr» diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň aýtmagyna görä, bu
işler häzirki zaman tilsimatlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen utgaşykly alnyp
barylmalydyr.
«Şunuň bilen baglylykda, Sanly tehnologiýalar
we elektron söwda boýunça YHG-niň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy
teklip edýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.