8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün
tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda
alyp baran işleriniň jemleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda
howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini
kämilleşdirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri
B.Gündogdyýew çykyş edip, Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa
geçirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini
ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli döwürde görlen çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby
gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky
çagyrylyşynyň barşy barada habar berildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we
beýleki goşunlarynyň şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen bilelikdäki harby okuw
türgenleşigi barada hem hasabat berildi. Bu okuw türgenleşigi goşunlaryň ähli
kysymlarynyň, «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň düzüm birlikleriniň
harby gullukçylarynyň ýokary hünär derejesini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby
doktrinasynda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň
wajypdygyna ünsi çekdi. Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan
beýläk-de döwrebaplaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby okuw türgenleşiginiň
üstünlikli geçendigini belläp, Milli goşunymyz üçin ýokary hünär derejeli harby
gullukçylary taýýarlamagy, harby gullukçylaryň nazaryýet we söweşjeň
taýýarlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda
kesgitledi. Mähriban halkymyzyň harby däpleri esasynda ýaş esgerleriň we harby
talyplaryň arasynda terbiýeçilik işleriniň geçirilmegi, olaryň watançylyk
ruhunda terbiýelenmegi bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde bolmalydyr
diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň
ýanwar — oktýabr aýlarynda ähli ulgamlarda kanunylygyň berk berjaý edilişine
gözegçilik etmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat
berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli
kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine geçirilen
barlaglaryň netijeleri barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edarany ösdürmegiň maksatnamasyny
üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde,
kanun bozulmalaryny ýüze çykarmak, aradan aýyrmak we olaryň öňüni almak boýunça
işleriň döwrebap usullarynyň işjeň ulanylmagyny üpjün etmek zerurdyr diýip,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, Baş prokurora degişli görkezmeler berildi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen
işler, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň
barşy, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak, ýangyn howpsuzlygynyň
kadalaryny berjaý etmek, paýtagtymyzda we welaýatlarda ýol-ulag hadysalarynyň
öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem içeri işler
edaralarynyň işgärleriniň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşamagy üçin
döredilýän şertler, on aýyň dowamynda ulanmaga berlen degişli desgalar barada
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün
etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň
kadalaryny berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde
saklamagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bu
edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleri çözmek
üçin degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, içeri işler ministrine
birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän
düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň sanly ulgamy
ornaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
aýdyldy. Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysy işgärler düzümini pugtalandyrmak bilen
bagly mesele boýunça hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna
kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak, olara hünär derejelerini bermek
hakynda resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryny hem-de bu ulgamda
dünýäniň öňdebaryjy tejribesini nazara almak bilen, kazyýet-hukuk ulgamyny
mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda görlen
çäreler şu edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň
netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
«Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak
hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi we Ýokary
kazyýetiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine
ýetirilen işler, degişli ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat
berdi. Ýurdumyzda abadançylygy üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän edaralarynda
öňdebaryjy tehniki serişdeleri ulanmak boýunça görülýän çäreler barada-da
aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň
ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda türkmenistanlylaryň we
jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek, özygtyýarlylygy, konstitusion gurluşy,
çäk bitewüligini pugtalandyrmak wezipelerine aýratyn orun degişlidir.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy öňde goýlan wezipeleri
ýerine ýetirmek üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen utgaşykly işlemegiň
wajypdygyny belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň on aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, eziz
Watanymyzyň döwlet serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet
galalaryny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi we
ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler
görülýär.
Hormatly Prezidentimiz bu düzümiň ýerine ýetirýän wezipesiniň örän
wajypdygyna ünsi çekip, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini
üpjün etmek meselesiniň ileri tutulýandygyny belledi. Ýurdumyzyň serhetleri
ähli goňşy döwletler bilen dost-doganlygyň serhedi bolup durýar. Döwlet
Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
pugtalandyrylmagyny, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda döwrebap usullaryň
ulanylmagyny işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen
baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna degişli görkezmeler berildi.
Adalat ministri M.Taganow 2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala
aşyrylan işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň
ýerine ýetirilişi, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça
teklipleriň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Sanly ulgamyň
ornaşdyrylyşy, raýatlarymyza hukuk kömegini bermek üçin çäreleriň guralyşy
barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hereket edýän kanunçylyk namalaryny
yzygiderli seljermegiň hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda olara
üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
türkmenistanlylaryň hukuk ulgamynda düşünjelerini ýokarlandyrmak babatda möhüm
çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe
tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan
bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, yzygiderli artýan ýük daşamalary
kadalaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de bu edarany
ösdürmegiň maksatnamasynyň amala aşyrylyşy, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän ýörite okuwlar barada habar berildi.
Soňky ýyllarda Ýewraziýa yklymynda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň
möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň geostrategik orny barha artýar diýip,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, gümrük serhedi arkaly ýükleriň we ulag serişdeleriniň geçirilişine
bildirilýän talaplaryň berjaý edilişini, şol sanda hereket edýän halkara
kadalara we milli kanunçylygyň degişli düzgünlerine laýyklykda, amallaryň
ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak wajypdyr diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we gullugyň ýolbaşçysyna anyk
görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän
düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, bu düzümi
ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleri taýýarlamak boýunça
görülýän çäreler, gündelik işde sanly ulgamyň ulanylyşy hem-de bu ulgama
öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp,
migrasiýa çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap
tehnologiýalaryň we ýörite maksatnamalaryň has işjeň ulanylmagynyň zerurdygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak, olaryň öz öňlerinde goýlan wezipeleri takyk ýerine
ýetirmeklerini üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy
tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan, dünýäniň
ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny
saklaýandygyny nygtady. Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby
doktrinasy şol ýörelgelere esaslanýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini, işini mundan beýläk-de
yzygiderli kämilleşdirmek, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby
gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş
şertlerini gowulandyrmak babatda mundan beýläk-de toplumlaýyn çäreler görler.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere
garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda
ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw
etdi.