6-njy
noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam
Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniden
ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi
Ministr
ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň
diplomatik işini ýerine ýetirmekde doly goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny
belledi.
Duşuşykda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, halkara
we sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki
mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Dünýä we sebit syýasatynyň möhüm
meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Döwletara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ministr Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda hem-de türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynda Eýrana amala aşyran saparlarynyň
ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu saparlaryň dowamynda
gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň zerurlygy barada umumy pikir
beýan edildi.
Diplomatlar
söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegini we
pugtalandyrylmagyny bellediler we bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň
bardygyny aýtdylar. Ýangyç-energetika toplumy, ulag we logistika, himiýa
pudagy, senagat, oba hojalygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri
ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Söhbetdeşler
medeni-ynsanperwer ugry boýunça netijeli özara gatnaşyklara ünsi çekdiler.