7-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň
orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň
ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň habar berişi ýaly,
söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda
netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.
Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklar barada
nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy köp ýyllaryň dowamynda
öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli
pudaklarynda öndürijilikli işleýändigini belledi.
Şu nukdaýnazardan, taraplar “Nippon”
gaznasynyň “JACAFA”, “NipCA”, “Read Japan” we ş.m. taslamalar boýunça
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň we
berkitmegiň çäginde birnäçe möhüm ugurlar barada pikir alyşdylar.
Ýaşlar syýasaty ulgamynda taslamalaryň we
maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşler bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we
syýahatçylyk ugurlarynda netijeli özara gatnaşyklaryň ösüşiniň geljekki
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»