Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi
bellemek hakynda» Permana gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, resminamada:
1.Gurluşyk we senagat
toplumynyň işgärleriniň gününi her ýylyň 3-nji noýabrynda belläp geçmelidigi;
2.Türkmenistanyň Gurluşyk we
binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky
döwlet agentliginiň hem-de welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň
häkimlikleriniň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň ýokary
derejede, guramaçylykly bellenilip geçilmegini üpjün etmelidigi;
3.Türkmenistanyň Gurluşyk we
binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet
agentliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, Permandan
gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek
baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamalydygy we Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetine bermelidigi barada aýdylýar.