2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün
tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan
wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler
girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa söz berildi. Ol täze hukuk resminamalarynyň taslamalaryny
taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek
boýunça alnyp barylýan işler, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini
halk köpçüligine düşündirmek ugrunda geçirilýän çäreler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, daşary
ýurtlaryň parlamentleri hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmagyň çäklerinde Ýaponiýa, Täjigistan Respublikasy, Azerbaýjan
Respublikasy ýaly döwletleriň, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni
alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar
geçirildi. Şunuň bilen birlikde, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi
Aziýa boýunça ýörite wekili bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Mundan
başga-da, mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça
agentligi tarapyndan guralan “Parlamentiň işini sanlylaşdyrmak boýunça halkara
tejribe we tehnologiýalar” atly okuw maslahatyna, şeýle hem birnäçe beýleki
çärelere gatnaşdylar.
Mejlisiň deputatlary
tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň
diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullarydyr ýörelgeleri
barada okuw sapaklary guraldy. Habar berlişi ýaly, deputatlar Garaşsyz
Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini,
ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça
geçirilýän maslahatlara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde
yzygiderli çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow täze kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda olaryň
kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini aýtdy. Bu kanunlar
döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň
hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmalydyr. Şunuň bilen birlikde, döwlet
Baştutanymyz bu işleriň ählisini halk köpçüligine düşündirmek çärelerini
yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy
giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank
hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän
toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde
ýurdumyzyň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli
kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda,
“Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin “Sanly
kart” programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bu programma üpjünçiligi “NFC”
we “QR-kod” tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny
geçirmäge niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm
ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň banklarynda
töleg ulgamlary kämilleşdirilýär, nagt däl tölegleriň gerimi giňeýär. «Sanly
kart» täze bank hyzmaty hem raýatlaryň ykjam telefonlary bilen töleg amallaryny
geçirmeginde netijeli bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere
harytlar, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň kämil we döwrebap bolmagyny gazanmagy
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki
işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Toplumyň pudaklarynyň işini
mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler,
pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan we gaýtadan
işlenilýän möçberini artdyrmak, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly isleg
bildirilýän ýokary hilli nebit, gazhimiýa önümlerini öndürmek, şeýle hem olaryň
görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Bellenilişi ýaly, toplumyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy tebigy
serişdeleriň rejeli we netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň senagat,
eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge we
döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Täze
nebitli-gazly ýataklar açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
üznüksiz önümçiligi guramak üçin pudagy kömekçi materiallar, himiki serişdeler
we beýleki ätiýaçlyk şaýlary bilen öz wagtynda üpjün etmek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz degişli
Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň
talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Ilki bilen, wise-premýer Diýarymyzyň
zähmetsöýer ekerançylarynyň geljek ýylyň hasyly üçin jemi 690 müň gektar
meýdanda bugdaý ekişini geçirip, bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli
berjaý edendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize,
Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge berýän
hemaýat-goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we berk jan
saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra wise-premýer ýurdumyzyň
welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen pagta
hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, pagta kabul ediş harmanhanalaryna
hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara ibermek, çig mal öndürijiler bilen
hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Daşoguz we Lebap
welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak
işleri dowam edýär.
Arkadag we Aşgabat
şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny
ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri görüldi.
Hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda
bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý
ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirmegiň we
ekin meýdanlarynda doly gögeriş almagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu
babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň
ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.
Soňra wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag
institutlaryny döretmek hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. Resminamada
ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we tohumçylyk
işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba
hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn
alyp barmagy has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyny aýdyp, ylmy-barlag
institutlarynyň işiniň döwrebap ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady. Hormatly
Prezidentimiz «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag
institutlaryny döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly
wise-premýere iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň
ýagdaýy, şol sanda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda” himiýa senagatynda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek,
pudagyň kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak, içerki we daşarky bazarlarda
isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän görnüşlerini giňeltmek
maksady bilen, hereket edýän önümçilikleri kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň önümhanalaryny
döwrebaplaşdyrmak arkaly onuň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan
toplumlaýyn işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň önümçilik kärhanalarynyň doly taslama
kuwwatynda işlemegini üpjün etmegiň, senagat kärhanalarynyň önümçilik
ugurlaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Maryazot» önümçilik birleşiginiň birinji
ammiak önümçiliginiň durkuny täzelemek we oňa täze enjamlary ornaşdyrmak
meselesine degip geçdi. Munuň özi kärhananyň önümçilik taýdan netijeliligini
ýokarlandyrmaga, girdejili bolmagyna ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary döwletler bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň
20-nji noýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde
Türkmen-german işewürlik maslahatyny hem-de 22-23-nji noýabrda Beýik
Britaniýanyň London şäherinde “Türkmenistan — maýa goýum we ösüş” atly forumy
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Bu forumlaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum
mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, ulag, telekommunikasiýa ulgamlarynda
ýurdumyzyň infrastrukturasyny ösdürmegiň maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmak,
nebitgaz, himiýa we beýleki senagat pudaklaryny, bank, ätiýaçlandyryş
pudaklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, meýilleşdirilýän halkara maslahatlary ýokary derejede geçirmek
üçin guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Berlin
şäherinde boljak Türkmen-german işewürlik maslahatynda, şeýle hem London
şäherindäki maýa goýum forumynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge
gönükdirilen taslamalara uly orun berilmelidigini belläp, bu babatda
wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer
“Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin
Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek
maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giň gerim bilen geçirilýän
sergileriň, maslahatlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň möhüm ähmiýetini belledi we
bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda
Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara
festiwala taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu
döredijilik forumyna Azerbaýjanyň Döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň
drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň
Döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň Döwlet ýaşlar teatrynyň we
Özbegistanyň sazly drama teatrynyň wekilleri gatnaşarlar. Festiwalyň açylyş we
ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş
akademiki drama teatrynda geçiriler. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýurdumyzyň
hem-de daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny görkezmek
meýilleşdirilýär.
Wise-premýer forumyň jemleri
boýunça oňa gatnaşyjylary ýörite diplomlar, nyşanlar we ýadygärlik sowgatlar
bilen sylaglamak dabarasynyň boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza halkara
festiwaly geçirmegiň meýilnamasyny, şeýle hem onuň nyşanynyň, teatr toparlaryna
gowşuryljak nyşanyň teklip edilýän taslama görnüşlerini hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä
halklarynyň köpugurly medeniýetiniň kämilleşmegine mynasyp goşant goşýandygyny
belledi. Ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty»
atly IV halkara festiwal hem dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hil
taýdan täze derejä çykarar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere
möhüm ähmiýetli bu halkara festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň 16 — 18-nji noýabrynda Mary
şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyna
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň döwlet
Baştutanlarynyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky birinji sammitiniň
barşynda öňe süren başlangyjyna laýyklykda guralar. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda Daşary işler ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli
ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bu forumyň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Oňa milli
ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, talyp we
meýletinçi ýaşlaryň, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň,
Täjigistanyň, Özbegistanyň ýaş wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Forumyň gün tertibine
ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen
hyzmatdaşlygyň täze mazmunly formatyny ýola goýmak, howanyň üýtgemegi, daşky
gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet, sungat ýaly
ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler.
Şunuň bilen birlikde, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň
toplan baý tejribesi öwreniler, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny
bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň
festiwalyny guramak hem meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreleriň
yzygiderli geçirilýändigini belläp, Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Hytaýyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda guraljak «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy»
atly forumyň hem ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýetiniň
boljakdygyna berk ynam bildirip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol şu
ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň
merkezi edarasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Şol gün — Şäherleriň
bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça
ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girzilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň
Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan
ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri
bilen bilelikde bu ugurdaky işe 2021-nji ýylda girişdi. Şu geçen ýyllaryň
dowamynda halkara jemgyýetçilik Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel, ajaýyp,
tehnologik taýdan ösen şäheri hökmünde ykrar etdi. Paýtagtymyzyň häzirki zaman
halkara urbanistika kadalary bilen ösýändigi aýratyn bellenilip, oňa ýokarda
agzalan hukuk derejesi berildi.
Wise-premýer, daşary işler
ministri hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu syýasy ýeňiş bilen gutlap, döwlet
Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli alyp
barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip,
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasynyň merkezi edarasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyna ünsi çekdi. Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň
döredijilik şäherleriniň toruna girizildi. Bu hoş habaryň Şäherleriň bütindünýä
gününde gelip gowuşmagynyň hem uly manysy bar.
Döwlet Baştutanymyz
paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da özgertmek işleriniň mundan beýläk hem
dowam etdiriljekdigini nygtap, aşgabatlylary we ähli türkmenistanlylary
ýurdumyzyň ýüregi bolan ak şäherimiz Aşgabat şäheri bilen bagly bu şatlykly
waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitine gatnaşmak üçin 3-nji noýabrda
Gazagystan Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat
berdi. Bu sammit Astana şäherinde geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzyň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda bu gurama synçy hökmünde
goşulandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Türki
Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň
işine işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň
söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär.
Saparyň çäklerinde türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hem meýilleşdirilýär.
Soňra wise-premýer, daşary
işler ministri hormatly Prezidentimiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine
boljak iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Bu guramanyň
15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi.
Ýurdumyzyň başlyklyk eden döwründe YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa
goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda
özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa
işlenip taýýarlanyldy. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň
netijeleri boýunça jemleýji resminama, ýagny Hereketleriň Aşgabat konsensusy
kabul edildi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň nobatdaky sammitini 8-9-njy noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasat
strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda
alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap,
wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň wekiliýetiniň Türki
Döwletleriň Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine
gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş
enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI halkara sergisine we ylmy maslahata
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäreleri şu ýylyň 9-10-njy
noýabrynda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly, halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň
geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly
meseleleri öz içine aljak forumlara ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan alymlaryň,
bilermenleriň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna
garaşylýar. Halkara ylmy maslahata Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň
(ITU), Domen atlary dolandyrmak boýunça korporasiýasynyň (IСANN), Aragatnaşyk boýunça sebitleýin birleşmesiniň,
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň hem-de önüm öndüriji we
programma üpjünçiligini taýýarlaýan “Nokia”, “Huawei”, “Eastwind”, “NEС” ýaly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary göz
öňünde tutulýar.
Forumyň dowamynda ýurdumyzda
sanly ykdysadyýeti ösdürmekde programma üpjünçiligini işläp düzýän we
innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak
hem-de höweslendirmek maksady bilen guralan, dürli ugurlar boýunça 317 sany
taslama bilen ýaşlaryň gatnaşan “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion
taslamalaryň nobatdaky bäsleşigini jemlemek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda täze innowasion,
sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny nygtady. Döwlet
Baştutanymyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmakda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş
tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2023” atly XVI
halkara sergisiniň we onuň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahatyň ähmiýetini
belläp, agentligiň ýolbaşçysyna forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowa söz berildi. Ol
aşgabatlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowy şanly waka — Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň
döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki
döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy
netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň
biri hökmünde ykrar edildi. ÝUNESKO-nyň 31-nji oktýabrda — Şäherleriň
bütindünýä gününde kabul eden çözgüdi hem munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz ähli
watandaşlarymyzy Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik
şäherleriniň toruna girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap,
Aziýanyň merjeni, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine
laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen
paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine mundan beýläk-de uly üns
beriljekdigini nygtady.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.