1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar
täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga
girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy» atly
ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Milli manadyň dolanyşyga girizilen
senesi — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilikli özgertmeler döwrüniň ýyl
ýazgysynda şanly seneleriň biri hökmünde Watanymyzyň taryhyna girdi. Manat
türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň
özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa
geçirilmeginiň netijesinde innowasion häsiýetli milli ykdysadyýetimiz okgunly
ösdürilýär. Bu bolsa halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna öz oňyn täsirini
ýetirýär. Halk hojalygynyň okgunly ösüşiniň üpjün edilmegini maksat edinýän
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu çäre bagşy-sazandalaryň
çykyşlary, şeýle hem geçen 30 ýylyň dowamynda bank ulgamynda gazanylan
üstünlikleri şöhlelendirýän sergi bilen utgaşdy. Bu ýerde ýadygärlik teňňeler,
milli zergärçilik şaý-sepleri, zikgeçiligiň taryhyna bagyşlanan gymmatlyklar
sergilendi. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna möhüm orun berildi.
Maslahata ýurdumyzyň
maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ugurdaş ýokary
okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki maslahatyň gün tertibine täze
taryhy eýýamda bank ulgamyny ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.
Maslahata gatnaşyjylar
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen
diňlediler. Onda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň
sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz
syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri
döredendigi bellenilýär. «Bank ulgamyna sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly has köp zähmeti talap edýän işler awtomatlaşdyrylyp,
maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, ýerine ýetirilýän
hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, netijeliligi we hili ýokarlandyrylýar» diýlip, döwlet Baştutanymyzyň
Gutlagynda nygtalýar.
Maslahatyň dowamynda
ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde, halkara maýa goýum
hyzmatdaşlygynda, pul-karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde bank ulgamynyň we
milli manadyň orny, bank işinde sanly tehnologiýalar, maglumat howpsuzlygy
barada çykyşlar edildi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek esasynda jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda
Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda
bolmagy ýurdumyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň
netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
Raýatlarymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýokary
amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli
ipoteka karzlarynyň, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberi yzygiderli
artdyrylyp, maliýe-bank hyzmatlary kämilleşdirilýär. Programma üpjünçiligi
işlenip taýýarlanylyp, sanly ykdysadyýete geçmek işi üstünlikli amala
aşyrylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän
hyzmatlaryň möçberini artdyrmak bilen çäklenmän, olaryň hilini ýokarlandyrmaga
we sarp edilýän wagty gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, bu
çäre banklara pul akymlaryna gözegçilik etmäge, degişli çözgütleri kabul etmäge
şert döredýär.
Durmuşa geçirilýän
yzygiderli işleriň netijesinde milli pulumyz bolan manat häzirki zaman elektron
görnüşinde hem barha işjeň dolanyşyga girizilýär. Türkmenistanlylaryň «Altyn
asyr», «Milli kart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Overdraft karty», şeýle
hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmagy pul
dolanyşygynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. “Türkmenistanyň bank
ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna”, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji
ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji
ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, nagt däl
hasaplaşyklaryň möçberini giňeltmek, milli töleg ulgamynyň durnuklylygyny we
banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler
durmuşa geçirilýär. Maýa goýum işjeňligini artdyrmak, daşary döwletleriň we
ýurdumyzyň telekeçileriniň maýa serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri
döretmek, möhüm strategik ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak maksady
bilen, ýaşaýyş jaý karzlarynyň möçberini artdyrmak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan
ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir.
Çykyş edenler içerki bähbitleri nazara alyp işlenip
taýýarlanylan durmuş ugurly çeýe ykdysady strategiýanyň, şeýle hem döwletimiziň
dünýä ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň, halkara maliýe edaralary bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde
oňyn görkezijileriň gazanylýandygyna ünsi çekdiler. Döwlet Baştutanymyzyň
ýurdumyzyň banklarynyň öňünde goýan ileri tutulýan wezipelere laýyklykda,
türkmen manadynyň hümmetini berkitmek, maliýeleşdirmegiň we ilatyň goýumlarynyň
möçberini artdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Halkara ülňülere
laýyklykda, banklaryň maliýe hasabatlylygyna, bu ulgamyň işgärleriniň hünär
derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ugurdaş düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, öňde goýlan
wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin geljekde-de yhlasly zähmet
çekjekdiklerine ynandyrdylar.