Eziz watandaşlar!
Hormatly
bank ulgamynyň işgärleri!
Sizi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we
üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň
dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Milli
manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly
pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp
barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Alnyp barylýan pul-karz
syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny hem-de durnukly
ykdysady ösüşi gazanmakdan, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli
ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara
maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin oňaýly makroykdysady şertleri
döretmekden ybarat bolup durýar. Baş maksada ýetmekde bazar ykdysadyýetiniň
wajyp düzüm bölegi bolan bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr.
Ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän
ulgamlaryň birine öwrüldi. Ulgama sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň,
töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli usullaryny
ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyryş ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik
ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini
artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň
biridir. Milli maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkara
derejede-de öz beýanyny tapýar. Ata Watanymyzyň durnukly ykdysady ösüşine
halkara guramalar tarapyndan hem oňyn baha berilýär.
Hormatly
bank ulgamynyň işgärleri!
Häzirki
döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara
ölçeglere laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna
laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklary, serişdeleriň
dolanyşygyny çaltlandyrmak, ilata howpsuz, tölegleri çalt geçirýän galtaşyksyz
tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen, bank
ulgamynda elektron töleg ulgamynyň gerimi giňeldilýär. Bank ulgamyna sanly
tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly has köp zähmeti talap edýän işler
awtomatlaşdyrylyp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar,
ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, netijeliligi we hili
ýokarlandyrylýar. Şeýle hem milli manadymyzyň ykdysadyýetde dolanyşygy
kämilleşýär, tiz pul dolanyşygynyň bolmagy esasynda ykdysadyýetde täze
önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda
netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri
yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Ýurdumyzyň ygtyýarly karz
edaralary tarapyndan Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek
babatda kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly maýa goýum
taslamalary uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna
maliýeleşdirilýär. Bu işlere daşary ýurt maliýe guramalary işjeň çekilýär. Ata
Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemi içerki önümiň jan başyna
düşýän möçberi babatda Türkmenistan dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça
derejesine ýetdi. Bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, salgyt-býujet,
nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň
görkezijisidir. Bu ýetilen sepgitleri Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we
beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýarlar.
Biz geljekde-de ýurdumyzyň
pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň
önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň
möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe
serişdeleriniň möçberini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de
elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga,
halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze
innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris.
Eziz
watandaşlar!
Hormatly
bank ulgamynyň işgärleri!
Sizi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň
dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar
durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan
işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.