30-njy
oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk
toplumynda we welaýatlarda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly
meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň
häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda pagta hasylyny
ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler
bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýygnalyp alnan pagta hasyly pagta
arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Ekiş
geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, kadaly gögeriş almak boýunça zerur
işler geçirilýär. Sebitde ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek
boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna
hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän
gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi
we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak, bugdaý ekişini bellenen
agrotehniki möhletlerde tamamlamak işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda
häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi
H.Aşyrmyradow welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda ýetişdirilen pagta
hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Watan harmanyna tabşyrylan hasyl üçin
kärendeçiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy
kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda
bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda
gögeriş suwy tutulýar. Netijede, kadaly gögeriş alynýar.
Welaýatda ählihalk bag ekmek
dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň
obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli
maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi hem-de
ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamagyň depginleriniň güýçlendirilmegini, bugdaý
ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini hem-de
ýakynda welaýatda açylyp ulanmaga beriljek, düýbi tutuljak binalaryň we
desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilişini
gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş
maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň
barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda
ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, önüm öndürijiler bilen Watan
harmanyna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, ýygnalan
hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler
dowam edýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda kadaly gögeriş almak üçin
zerur işler alnyp barylýar. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz
ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär.
Mundan başga-da, welaýatda
ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin alnyp barylýan
taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna
laýyklykda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary
hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatda pagta ýygymynyň
depginini ýokarlandyrmak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek, şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap
almak işlerini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk tabşyryklary
berdi.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi
häkime tabşyrdy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi
Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Şu günler welaýatda ýetişdirilen
pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, tabşyrylan hasyl üçin önüm
öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, ýygnalan hasyly pagta
arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda
dowam edýär, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär,
gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatyň şaly ekilen
meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak,
ýygnalan hasyly döwlet harmanyna tabşyryp, kada laýyk saklamak boýunça degişli
işler dowam edýär. Şeýle hem häkim ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän
taýýarlyk işleri, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna
ünsi çekdi hem-de welaýatda ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, iň soňky
hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde
tamamlanmagyny, şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi häkime
tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda,
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
häkime tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow
welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde
ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet
harmanyna tabşyrmak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan
işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz
wagtynda geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekişi meýilnama
laýyklykda alnyp barylýar, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär.
Gant şugundyry ekilen meýdanlarda
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, gündelik ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul
etmek we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da,
häkim hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada öňde
goýan wezipelerine laýyklykda, welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyna
taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Häkim hasabatynyň dowamynda
Baýramaly etrabynda durky täzelenen we iň kämil tehnologiýalar bilen
enjamlaşdyrylan 301 orunlyk hassahananyň açylyşyna ak pata berendigi üçin
hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan
saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly
geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we ýetişdirilen pagta
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak,
ekiş geçirilen ýerlerde ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýerine ýetirmek, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almaga gatnaşýan ähli
düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Şeýle hem şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny gözegçilikde
saklamak babatda birnäçe görkezmeler berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda
alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatlarda oba
hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak
boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýar, ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş suwuny
tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny
soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy
kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Pagtaçy
daýhanlar tarapyndan tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň
Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň, Mary welaýatynda bolsa
ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleriniň dowam
edýändigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny
belledi hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmagyny, ekiş
geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş almak üçin zerur işleriň ýerine
ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp
alynmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň
dowam edýändigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen
möhletlerde tamamlanylmagy, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň
agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagy, pagta hasylynyň iň soňky
hanasyna çenli ýygnalmagy babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmegini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban
halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.