Türkmenistanyň Merkezi banky ýurdumyzyň raýatlarynyň bank goýumlarynyň möçberi hakynda maglumatlary mälim etdi. Maglumatda beýan edilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli döwürde raýatlaryň dürli banklarda goýan bank goýumlarynyň möçberi 29 milliard 82 million manada deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 27 milliard 593 million manada deň bolup, üstümizdäki ýylda ol 5,4% ýokarlandy.
Şeýle hem Merkezi bank ýurdumyzyň raýatlarynyň paýdarlar täjirçilik banklaryndaky goýumlarynyň 2021-nji ýylyň 1-nji apreline çenli 6 milliard 424 million manat görkezijä deň bolandygyny habar berýär. Munuň özi 2020-nji ýylyň degişli döwründe gazanylan 2 milliard 536 million manat netijeden 253% ýokarydyr.
Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň ilatynyň döwlet-täjirçilik banklaryndaky goýumlary 22 milliard 650 million manada, olaryň şahamçalaryndaky goýumlary bolsa 7 milliona ýetdi.
2021-nji ýylyň aprel aýynda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edarasynyň täze binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Açylyş dabaralary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi.
Şeýle-de 2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, «Halkbank» döwlet täjirçilik banky açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.