28-nji
oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini
geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine
hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp
barýan işleri barada maglumat berdi.
Häzirki
wagtda Raýat kodeksiniň täze beýanyny, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini
goramak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly we başga-da birnäçe
kanunlara döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek
taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Deputatlaryň
bilim we hünär derejelerini ýokarlandyrmak, kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy
tejribesini öwrenmek, dostlukly ýurtlar bilen ýola goýlan parlamentara
gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler
döredilýär. Mejlisiň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda
boldular, Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň
dialogynyň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara maslahatyna,
Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýada maşgala gatnaşyklary babatdaky
kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna hem-de
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky parlamentara dostluk
toparynyň Tähran şäherinde geçirilen mejlisine, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň
wekilhanasynyň we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet
edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Watanymyzyň
içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini halkymyza
düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de
kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri dowam etdirmegiň möhümdigine
ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet daşary
ykdysady iş bankynyň “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň
dowam etdirilmegine gönükdirilen degişli ylalaşygy baglaşmak boýunça geçirilýän
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, karz derejesini kesgitleýän
abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlardan çekilýän
maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň
ýönekeýleşdirilmegine hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň
mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet daşary ykdysady iş
bankynyň halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmelidigini belledi hem-de “Fitch Ratings” agentligi tarapyndan
Türkmenistana berlen halkara derejeleriň ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny
has-da ýokarlandyrýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şundan ugur alyp,
halkara agentlikler bilen zerur işleri yzygiderli alyp barmak babatda
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika
toplumynyň düzüm böleklerinde, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Döwlet
konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak
boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şu maksatlar bilen, meýilnama
laýyklykda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň tehnologik enjamlaryny
döwrebaplaşdyrmak hem-de bu kärhananyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek
boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik
energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işjeňliginiň
ýokarlandyrylmalydygyna, zawodyň degişli desgalaryna häzirki zaman
tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça
işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan elektrik
energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň açylyş dabarasyny ýokary
derejede geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belläp,
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň
welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şeýle hem
ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Häzirki
wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Bugdaý ekilen
ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen
pagta hasylyny ýygnamak guramaçylykly geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta
arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär.
Döwlet
harmanyna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly
oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.
Mundan başga-da, wise-premýer ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze tokaý
zolaklaryny döretmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek
bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň
çäklerinde Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda
ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Hususan-da, bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini
taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymy
möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak
boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Daşky gurşaw bilen bagly meseleler Türkmenistanyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň
biri bolup durýar hem-de ýurdumyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bu
ugurda köp sanly başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geljek hepdede — 4-nji noýabrda nobatdaky
ýaşyl ekologiýa çäresiniň, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasynyň
geçiriljekdigini aýdyp, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi
wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika
pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ugurdaş düzümi mundan beýläk-de
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu
maksatlar bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak
kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik
stansiýasynyň düýbüni tutmaga, şeýle hem ýurdumyzda bitewi halkalaýyn
energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde
gurlan Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk
görülýär.
“Türkmenhimiýa”
döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen
baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde
472 maşgala niýetlenen 4 gatly Gyýanly ýaşaýyş jaý toplumynyň, 320 orunlyk
umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş
merkeziniň gurluşyk işlerine başlamaga taýýarlyk görülýär. Bu taslama döwlet
Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynda
ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk
görmegiň, şeýle hem täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň we medeni-durmuş
maksatly binalaryň düýbüni tutmak dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmegiň
möhümdigine ünsi çekdi hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny görkezýän bu
taryhy wakalaryň bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da
ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini belledi.
Kuwwatlylygy
1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasy ýurdumyzda gaz we bug
dolanyşygynda işlejek iri energiýa desgasydyr. Berkarar Watanymyzda şeýle
döwrebap elektrik stansiýasynyň gurulmagy diňe bir özümizi ygtybarly elektrik
energiýasy bilen üpjün etmän, eýsem, bu babatda alyp barýan diwersifikasiýa
özgertmelerimiz bilen goňşy ýurtlara, sebite, gerek bolsa, beýleki ýurtlara hem
ibermäge taýýardygymyzy ýene-de bir gezek görkezýär. Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze,
döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam
arkaly wise-premýere iberdi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary söwda
dolanyşygyny artdyrmaga we eksport kuwwatyny giňeltmäge gönükdirilen çäreler
barada hasabat berdi. Şunda Döwlet haryt-çig mal biržasynda Türkmenistanyň
önümlerini sanly birža söwdalarynyň üsti bilen ýerlemekde halkara maglumat
ulgamlaryndan peýdalanylýandygy we degişli şertnamany baglaşmagyň teklip
edilýändigi barada aýdyldy. Munuň özi birža hyzmatlaryny dessin amala aşyrmaga,
daşary ýurtly täze müşderileri çekmäge, daşary söwda amallaryny
ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan şertnama
baglaşmak meselesini öwrenmegi we şu esasda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
netijeli gatnaşyklary ösdürip, birža söwdalaryny geçirmek işini kämilleşdirmegi
wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine degişli senagat
kärhanalaryny, olary dolandyrmak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda guramaçylyk-hukuk kadalaşdyrylyşyny
döwrüň ýagdaýlaryna laýyk getirmek boýunça meseleleriň netijeli çözülmeginiň
zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda
meýilleşdirilen esasy çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş
dabaralarynyň tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, noýabr aýynyň dowamynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, 2023-nji ýylyň “Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary,
döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary
geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, yglan edilen döredijilik
bäsleşikleriniň jemleri jemleniler hem-de “Türkmenistan — ruhubelentligiň we
sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiada, sport ýaryşlary, sportuň dürli görnüşleri
boýunça ýaryşlar, häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti, koreý
kinofilmleriniň görkezilişi guralar.
Önümçilik
we medeni-durmuş maksatly täze desgalary açmak we olaryň düýbüni tutmak
dabaralary-da guralar. Şunuň bilen birlikde, ählihalk bag ekmek dabarasyny
geçirmek meýilleşdirilýär. Noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki
orkestriniň fransuz we german sazandalary bilen bilelikdäki konserti, “Ýaşlar”
atly kinofilmiň ilkinji görkezilişi, Hasyl toýy mynasybetli dabaralar, “Bagtyýarlyk
döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, noýabr aýynda
meýilleşdirilýän medeni çärelerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler, halkymyzyň belent
watançylyk ruhy öz beýanyny tapmalydyr diýip aýtdy hem-de wise-premýere olaryň
ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynyň işini
kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň, gullugyň kärhanalarynyň
önümçiliginiň bökdençsiz we kadaly işini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi
hem-de degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we
birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Arçman” şypahanasynyň täze
binalar toplumyny gurmak meseleleri boýunça hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde “Arçman” şypahanasynyň taryhy hem-de
onuň melhemlik häsiýetleri baradaky gymmatly maglumatlara aýratyn orun
berilýär. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryny
ýerine ýetirmek üçin talabalaýyk işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Il saglygy — ýurt
baýlygy” diýen çuň manyly pähimden ugur alyp, keseli bejermeli däl-de, onuň
öňüni almalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny
berkitmekde döwrebap şypahanalaryň uly ornunyň bardygy nygtaldy. “Arçman”
şypahanasy ýurdumyzdaky baýry şypahanalaryň biri bolmak bilen, ol ýerde
saglygyny dikeltmäge barýan adamlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şonuň üçin bu
şypahananyň durkuny düýpli täzelemek, has-da döwrebaplaşdyrmak zerur bolup
durýar. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam
arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, ilki bilen,
ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Türkmen
alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür,
Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan
köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-26-njy
oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli
geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de saparyň jemleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu sapar strategik häsiýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan
täze derejä çykarylmagyna kuwwatly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz Türkiýe
Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine we Ankara
şäherinde ýerleşýän “Türkmenistan” seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň
heýkeline gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy.
Döwlet
Baştutanymyz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara
binasynda geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna
gatnaşdy. Bu foruma iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen bir
hatarda, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we işewür
düzümleriniň wekilleriniň 700-e golaýy gatnaşdy. Forumyň çäklerinde türkmen
hem-de türk işewürleriniň arasynda jemi 15 duşuşyk geçirilip, şertnamalardyr
ylalaşyklaryň 14-sine gol çekildi.
Ikiçäk
görnüşde we giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň
barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlara
seljerme berlip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkitmek, täze derejä
çykarmak boýunça uzak geljege gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi. Döwlet
Baştutanymyzyň resmi saparynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen
hökümetara we pudagara resminamalaryň 13-sine gol çekildi. Mundan başga-da,
saparyň barşynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda energetika, ulag,
söwda, daşky gurşawy goramak, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki
ugurlar boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Wise-premýer,
daşary işler ministriniň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň beýan eden
başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, syýasy ugurda
türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin anyk çäreleri özünde jemleýän
“Ýol kartasyny” ýakyn wagtda işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem
şu ýylyň dekabr aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk
toparynyň nobatdaky mejlisini we Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň
sergisini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtda,
iki döwletiň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan 2024-nji
ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni, ylmy-okuw çäreleriniň
senenamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasy biziň
ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýar. Doganlyk döwlete bolan saparyň dowamynda
birnäçe resminamalara gol çekildi. Uly maksatly ylalaşyklar gazanyldy. Bularyň
ählisi ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge iki
tarapyň hem uly isleg bildirýändigini doly tassyklady. Bu bolsa iki döwletiň
arasyndaky gatnaşyklarda aýratyn ähmiýetli wakadyr diýip, dostlukly ýurda amala
aşyrylan bu saparyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý
hökümetara komitetiniň we onuň kiçi komitetleriniň nobatdaky mejlislerine
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda komitetiň altynjy mejlisini geçirmek göz
öňünde tutulýar. Häzirki wagtda, hususanda, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ulag
we logistika, howpsuzlyk, ynsanperwer ugur, energetika hyzmatdaşlygy boýunça
kiçi komitetleriň altysynyň mejlislerini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara
komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň düzümini
tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Hytaý bilen strategik häsiýete
eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli
ösdürilýändigini belledi. Häzirki tapgyrda döwrüň ýagdaýlaryny hasaba almak
bilen, ägirt uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin
uly mümkinçilikler açylýar. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa
geçirilmegi, şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň we onuň kiçi
komitetleriniň alyp barýan işleri köp babatda netijeli hyzmatdaşlygyň
pugtalandyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen resminamany makullap,
wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri 2023-nji
ýylda Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk
forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek bu forumyň 16-njy mejlisine
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, türkmen tarapynyň guramagynda şu ýylyň dowamynda köptaraplaýyn onlaýn
maslahatlaryň we “tegelek stol” duşuşyklarynyň 4-si geçirildi. Şeýle hem öňde
boljak çäre barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, forumyň çäklerinde
ulag we logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky
gurşawy goramak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy, bilim-ylym, syýahatçylyk
ugurlaryna degişli 6 sany mejlisi geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem
ministrler derejesinde ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar.
Forumyň netijesi boýunça Jemleýji resminama kabul ediler.
Bu forumyň
çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş
telekeçileriniň işewürlik forumynyň, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy”
işewürler geňeşiniň dördünji mejlisiniň we “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy”
işewürler geňeşiniň bäşinji mejlisiniň geçirilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
we Koreýa Respublikasynyň gazananlaryna bagyşlanan sergileriň guralmagy göz
öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasy bilen
netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasat
strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Deňhukuklylyk, özara
bähbitlilik, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn
gatnaşyklar häzirki wagtda işjeň ösdürilýär hem-de hil taýdan täze mazmun bilen
baýlaşdyrylýar. Şunda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk
forumynyň wajyp ornuna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlary
bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap, öňde boljak
çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda halkara üstaşyr ulag geçelgelerinden netijeli peýdalanmak,
milli ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de üstaşyr
geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak, ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek,
logistikany ösdürmek, ulaglaryň ähli görnüşinde ýolagçy we ýük gatnawlary
ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa
toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň
ýaýbaňlandyrylandygyny, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň halkymyzyň durmuş
derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýändigini, halkara hyzmatdaşlyk üçin
giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ygtybarly üstaşyr
ulag gatnawlaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada-da
aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr gatnawlaryň möçberini mundan beýläk-de
artdyrmak we çäklerini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna,
ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, hemmeleri ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen
alabaýynyň baýramy bilen gutlady.
Türkmen
alabaýy merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli
mirasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny gadymy
döwürlerden alyp gaýdýan itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek üçin ähli zerur
şertler döredilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň
baýramy bilen ýene-de biri gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan
saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisde
döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy.
Hormatly
Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.