Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly
XXVIII halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Türkmenistan»
gazetinde çap edilen Gutlagda şeýle diýilýär:
«Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gözel paýtagtymyzda geçirilýän
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahatyň we
serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her ýyl guralýan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly pudaklaýyn sergi hem-de
maslahat ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kärhanalary bilen daşary ýurt
kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berýär. Bu
forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri üçin öz mümkinçiliklerini görkezmekde hem-de
hyzmatdaşlary tapmakda oňat şertleri döretjekdigine ynanýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şeýle-de beýleki
sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we bu babatda netijeli
işleri amala aşyrýar. Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki
orunlary eýeleýän ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümçiliklerine ylmyň soňky
gazanan tehnologiýalaryny, enjamlaryny ornaşdyrmak hem-de nebitgaz senagatynda
ekologik howpsuzlygy üpjün etmek esasy talap bolup durýar.
Ýokary derejede geçirilýän halkara forum daşary ýurtly gatnaşyjylary ýurdumyzyň
ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary
işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollaryny we ulgamyny
mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşdyrar. Ol bu ugurda
işleýän hünärmenleriň arasynda uly gyzyklanma döreder. Şeýle duşuşyklar özara
gatnaşyklaryň has netijeli ýollaryny gözlemekde, göni gepleşikleri geçirmekde
möhümdir. Netijeli gepleşikler bolsa Türkmenistanyň baý ýangyç-energetika
serişdelerini özleşdirmäge we rejeli ulanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki
taslamalara ýol açýar.
Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Türkmenistan häzirki wagtda «mawy ýangyjy» Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa
Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy ýaly döwletlere
eksport edýär. Türkmen tebigy gazyny Aziýanyň günorta-gündogaryna eltjek,
sebitiň iri taslamasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
gaz geçirijisiniň gurluşygynda daşary ýurtly işewürlere hyzmatdaşlyk etmäge uly
mümkinçilikler bardyr. Bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitiň
ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna oňaýly täsirini ýetirer.
Hazarüsti gaz geçirijisi hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa döwletlerine
çykarmakda geljegi uly iri taslamalaryň hatarynda durýar.
Halkara bazaryň türkmen tebigy gazyna bolan islegini kanagatlandyrmakda gory
boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känine aýratyn
orun degişlidir. «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işleriniň giň
gerimde alnyp barylýandygyny, bu işlere maýa goýumlary çekmekde ýurdumyzda
ýokary derejede amatly şertleriň döredilýändigini aýratyn nygtamak gerek.
Türkmenistan tebigy gazy diňe bir eksport etmegiň mümkinçilikleri bilen
çäklenmän, ony gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär. Bu ugurda-da ýurdumyz
özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr.
Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!
Häzirki wagtda senagat ähmiýetli nebit gorlary bolan täze gatlaklary gözläp
tapmak we «gara altyn» känlerini özleşdirip, önümçilige girizmek işleri
ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýar. Bu babatda «gara
altynyň» mekany bolan günbatar Türkmenistanda hem-de onuň çäklerindäki gojaman
Hazaryň deňiz ýalpaklygynda gözleg, barlag, buraw işleri geçirilýär. Bu ugurda
daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär.
Ýurdumyzda nebithimiýa senagaty hem çalt depginde ösdürilýär. Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatynyň barha
ýokarlanýandygyny hem-de bu ýerde öndürilýän nebit önümleriniň görnüşiniň
has-da artýandygyny muňa mysal getirmek bolar. Gaýtadan işleýän senagaty
döwrebap derejede ösdürmek, bu ulgama halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak,
dünýä belli haryt nyşanly önümleriň bilelikdäki önümçiligini ýola goýmak işleri
hem üns merkezinde saklanýar.
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Bu halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi bilen, özara bähbitli ykdysady
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim ädiler. Diňe çig maly
eksport etmek bilen çäklenmän, gaýtadan işleýän senagaty ösdürýän
Türkmenistanyň ak şäheri Aşgabatda guralan nebitgaz forumynyň hyzmatdaşlaryň
sanyny artdyrjakdygyna we hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi 28-nji gezek geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly
halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, rowaçlyk, halkara
maslahatyň we serginiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin».