22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri
B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygyna
saparynyň çäklerinde Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň we Saud Arabystany
Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda ikitaraplaýyn syýasy
geňeşmeleri geçirildi. Saud
tarapynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Walid El Hereýji
ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň barşynda taraplar
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha bermek bilen, köpugurly
türkmen-saud gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmekligiň ýollaryny ara alyp
maslahatlaşmalar geçirdiler.
Şeýle hem, diplomatlar halkara we sebit
gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Türkmen wekiliýeti Saud
Arabystany Patyşalygynyň Energetika ministrliginde gepleşikleri geçirdi.
Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda nebit-gaz we himiýa, şol sanda gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini
ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol gün, Türkmen wekiliýetiniň saparynyň
çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow
bilen Saud Ösüş Gaznasynyň ýerine ýetiriji müdiri Sultan Al Marşadyň arasynda
ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Saud Ösüş Gaznasy tarapyndan
Türkmenistandaky durmuş taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça meseleler
giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, saparyň çäklerinde türkmen
wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň “Saudi Arabia Global Pipeline
Company”şereketiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.