21-nji oktýabrda Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow «Kelete» okuw-türgenleşik merkezine bardy. Bu ýerde
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň bilelikdäki harby
okuw türgenleşigi geçirildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri
tarapyndan başy başlanan hem-de Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny
ýokarlandyrmaga, ony öňdebaryjy ýaraglar we harby tehnikalar bilen üpjün etmäge
gönükdirilen köptaraply harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi
dowam edýär.
Diňe goranyş häsiýetine eýe
bolan, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly
laýyk gelýän Harby doktrinanyň ileri tutulýan wezipelerinden ugur alyp, edermen
Watan goragçylary ýurduň parahatçylygyny we asudalygyny, halkyň abadan
durmuşyny üpjün edýärler. Şunuň bilen birlikde, esgerleriň, serkerdeleriň hünär
taýýarlygyny, şol sanda ýaraglara, söweş tehnikalaryna erk etmeklerini, düzüm
bölümlerinde takyk özara hereket etmegi kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn
çäreleriň görülýändigini nygtamak gerek. Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň
edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, durmuş maksatly meseleleri
çözmek maksady bilen, bu edaralar üçin döwrebap toplumlar, düzümleriň
gullukçylary üçin amatly ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Olaryň harby borçlaryny
mynasyp ýerine ýetirmekleri, dynç almaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen
meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär.
Goşunlaryň ähli görnüşini
utgaşykly işläp taýýarlamak maksady bilen, harby-taktiki okuwlar yzygiderli
geçirilýär. Şol okuwlar harby gullukçylaryň hünär derejesini, Ýaragly Güýçleriň
kuwwatyny hem-de goranyş mümkinçiligini artdyrmaga gönükdirilendir.
...Ir bilen hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda “Kelete” okuw-türgenleşik
merkezine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew bilelikdäki okuw türgenleşigine
taýýarlyk barada hasabat berdi. Harby türgenleşige Ýaragly Güýçleriň guryýer,
howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby-howa, harby-deňiz hem-de «Türkmen
edermen» ýörite maksatly güýçleriniň ähli düzüm birlikleri, harby we hukuk
goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly düzümleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty kabul edip, okuw türgenleşiginiň geçirilýän
ýerine tarap ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet senasy
ýaňlanýar. Soňra Harby orkestr belent ruha beslenen watançylyk aýdymyny ýerine
ýetirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiziň
rugsat bermegi bilen, harby okuw türgenleşigi başlanýar. Goranyş häsiýetli
Harby doktrinamyza laýyklykda, bu gezekki türgenleşigiň maksady harby
hünärmenlerimiziň ýerde, howada, deňizde söweş alyp barmak sungatynyň we
taktikasynyň täze, öňdebaryjy usulyýetini, tilsimlerini sazlaşykly ýerine
ýetirip, hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.
Harby türgenleşikde uçarmansyz
uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot atyş urgulary «TürkmenÄlem 52oE» emeli
aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni aragatnaşykda sanly ulgam arkaly
ýörite ekranlarda görkezildi. Bu gezekki harby okuw türgenleşigi ýurdumyzyň beýleki
goşun galalaryndaky we deňiz güýçlerimizdäki okuw merkezlerinde-de geçirilip,
olar sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda göni ýaýlymda görkezildi.
Toparlaryň öňünde garşylykly
hereket edýän toparlary zyýansyzlandyrmak, garşydaşyň howa hüjümlerine garşy
göreşmek, ýörişi bökdemek üçin döredilen meýdandan ýörite himiki gorag
serişdelerini ulanyp ýitgisiz geçmek, suw päsgelçiliklerinden geçmek boýunça
wezipeler goýuldy. Harby-deňiz güýçleriň harby türgenleşige gatnaşýan gämileri
garşydaşyň hereket edýän gämilerine garşy hereket etmek boýunça harby-deňiz
taktikasyna laýyklykda, bilelikdäki söweşjeň meýilnamalaşdyryşy amala
aşyrdylar.
Watançylyk, edermenlik we
gaýduwsyzlyk türkmen halkyna asyrlarboýy mahsus bolan häsiýetlerdir. Watana
wepalylygyň, ýurdy goramagyň, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezen şöhratly
ata-babalarymyzyň şu günki nesilleri Watan öňündäki mukaddes borçlaryny abraý
bilen ýerine ýetirýärler. Häzir türkmen esgerleri döwrebap tehnikalara we
ýaraglara ussatlyk bilen erk edip, nazary, söweşjeň taýýarlygyň ýokary
derejesini görkezýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň “Mert
ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Watan goragy mukaddesdir”, «Mertler Watany
beýgeldýär» atly eserleriniň ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesillerini,
aýratyn-da, Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda
türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala
getirmekde, eziz Watanymyza bolan söýgini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini
bellemek gerek.
Türgenleşigiň dowamynda
Ýaragly Güýçleriň häzirki zaman aňtaw-urgy toplumynyň uçarmansyz uçýan
enjamlary kesgitlenen beýiklige galyp, nyşanany aňtamak bilen, howadaky
söweşjeň nobatçylyga girişdi. Toparlaýyn howa hüjümini serpikdirmek üçin asmana
atyjylar ot açyp, söweşjeň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler.
Harby okuw türgenleşiginiň
dowamynda harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlyk derejeleriniň
kämilleşdirilmegi olaryň ussatlyklarynyň we ukyp-başarnyklarynyň barha
artmagynyň baş şertleriniň biridir.
Söweşjeň meýilnamalara
laýyklykda, güýçlendirilen toparlar goranyşy inženerçilik taýdan
enjamlaşdyrmak, ot açyş ulgamyny gurnamak, bilelikdäki hereketleri takyklamak
ýaly söweşe taýýarlygyň wajyp esaslaryna erk etmegiň ýokary derejesini
görkezdiler.
Howa hüjüminden goranmak
bölümleri asmana atyjy toplumlardan ot açyp, garşydaşyň howa giňişligindäki
nyşanalaryny ýok etmek arkaly, umumygoşun bölümlerini howa hüjümlerinden
penalamak wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Milli goşunymyzyň ösen tehnikalar
bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin
zerur şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridir.
Harby okuw türgenleşiginde
häzirki zaman söweşjeň tehnikasynyň hataryna girýän uçarmansyz uçýan enjamlaryň
aýratyn orny bardyr. Olaryň kömegi arkaly ýüze çykarylan nyşanalary, ýagny
raketa toplumlaryny ýok etmek meýilleşdirildi. Kesgitlenen nyşana garşy takyk
urgynyň geçirilmegi bilen, garşylykly güýçler hatardan çykaryldy. Uzak aralyga
hereket edip, howadan aňtaw alyp barýan hem-de urgy edýän söweşjeň uçarmansyz
uçýan enjamlaryň ýokary takyklygy olaryň söweşjeň mümkinçiliginiň esasy
aýratynlygydyr.
Häzirki wagtda harby-deňiz
güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady olary döwrebap tehnikalar we enjamlar, iň
täze gämiler bilen üpjün etmegiň, ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynda gämileri
gurmagyň hasabyna yzygiderli berkidilýär. Şeýle hem harby deňizçileriň
söweşjeň, nazary taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän çäreler görülýär.
Görkezme-taktiki türgenleşik okuwlarynyň barşynda harby deňizçiler Ýaragly
Güýçleriň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň wekilleri bilen sazlaşykly hereket
edip, deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny goramak işinde, umuman, döwletiň çäk
bitewüligini, türkmen halkynyň asuda durmuşyny üpjün etmekde döwrebap
tehnikalara ussatlyk bilen erk edişlerini görkezdiler.
Ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň Watan
goragçylary kasamyna ygrarly bolup, mähriban halkymyzyň, hormatly
Prezidentimiziň ynamyny ödemegi özleriniň baş maksady hasaplaýarlar. Bu günki
geçirilýän harby okuw türgenleşiginde ýörite maksatly toparlar söweşjeň
ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Harby gullukçylaryň bilelikdäki
hereketleri olaryň öz öňlerinde goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin
zerur tagallalary edýändiklerine şaýatlyk edýär.
Ýörite maksatly «Türkmen
edermen» topary aňtaw çärelerini geçirip, garşylykly toparlaryň ýerlerini
kesgitlediler hem-de uçarmansyz enjamlaryň kömegi bilen nyşanalary
belgilediler.
Ýörite maksatly toparlar
häzirki zaman awtoulaglarynda hereket edip, ele alnan binanyň daş-töweregini
gabawa almak bilen, bikanun ýaraglanan toparlaryň hereketlerini saklamak
boýunça söweş hereketlerini alyp barýarlar. Häzirki zaman söweşinde, şäher
şertlerinde we ilatly nokatlarda söweş hereketlerini alyp barmakda «Türkmen
edermen» ýörite maksatly toparlary möhüm söweşjeň wezipäni ýerine ýetirmäge
ukyplydyr.
Ýaragly düzümleriň ýörite
maksatly toparlarynyň bilelikde geçiren söweş hereketleriniň netijesinde,
bikanun ýaraglanan toparlar uly ýitgä sezewar edilýär. Zabt etmegiň depginini
has-da ýokarlandyrmak hem-de şertli garşydaşyň güýjüni doly zyýansyzlandyrmak
üçin hereketlere dikuçarlar goşulýar. Dikuçarlaryň kömegi bilen kuwwaty
artdyrylan zabt ediji toparlar binanyň üçeginden düşüp, ýokarky gatlaryň
penjirelerinden hüjümi amala aşyrýarlar. Olar dessin hereket arkaly zabt etmek,
taktiki ot açyş emellerini ýerine ýetirmek, söweş hereketlerinde özara
penalamak we dolandyrmak boýunça hereketleri başarjaňlyk bilen alyp barýarlar.
Görkezme harby okuw
türgenleşigine gatnaşýan harby gullukçylaryň çalasynlygy, bellenilen kadalar
boýunça takyk hereket etmekleri, gaýduwsyzlygy olaryň maksada ýetmek ugrundaky
tagallalarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Soňra Ýaragly Güýçleriň
döwrebap uçarlary söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirýärler. Howa giňişliginde
garşylykly hüjümi ýerine ýetiren goşun bölümlerine howadan goldaw bermek üçin
söweşjeň uçarlar söweşe girişýärler.
Howadan hüjüm edýän söweşjeň
uçarlar yzygiderli howa urgularyny amala aşyryp, garşydaş nyşanalary hatardan
çykardylar. Olaryň bu hereketleri toparyň agzalarynyň söweşjeň wezipeleri
ýerine ýetirmekde häzirki zaman usullaryny we ösen harby tejribeleri mynasyp
özleşdirendiklerine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, munuň özi Watan
goragçylarynyň watansöýüjiliginden, borja wepalylygyndan habar berýär. Harby
türgenleşikler ýaş esgerleriň ýokary hünär derejesini görkezdi.
Harby okuw türgenleşiginiň
ahyrynda türkmen esgerleri Watanymyzyň mukaddes tuguny asuda asmanyň ýüzünde
erkana parladýarlar. Ýaşyl tugumyzyň öňünde hemişe baş egilip, kasam bilen
togap edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy
halkymyzyň buýsanç-mertebesi, göz guwanjy, Watanymyzyň Bitaraplygynyň, özbaşdaklygynyň
we Garaşsyzlygynyň nyşanydyr.
Şeýlelikde, ähli düzüm
bölümleriniň şahsy düzümi öňde goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirdi. Bu
bolsa türkmen döwletiniň asudalygynyň we durnuklylygynyň goragynda duran
gaýduwsyz harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygynyň, ussatlygynyň ýokary
derejedediginiň aýdyň beýanydyr.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň Watana wepaly gulluk etmegiň
nusgasyny görkezip, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli
durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow okuw-türgenleşik merkeziniň ýörite meýdançasynda
görkezilen söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda
uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.
Mälim bolşy ýaly, Milli
goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy we onuň kuwwatynyň
pugtalandyrylmagy, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly
şertleriň döredilmegi, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagy
hem-de öňdebaryjy tejribeleriň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň hemişe üns merkezinde durýar. Edermen
Watan goragçylary döwletimiziň şeýle uly aladalaryna jogap edip, öz hünärlerini
kämilleşdirýärler, iň täze harby tehnikalara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň
taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Şunda ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň tutuş kuwwatynyň Türkmenistanda parahatçylygy we asudalygy üpjün
edýändigini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow häzirki wagtda harby gullukçylaryň öňünde durýan möhüm wezipäniň
oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan hem-de Türkmenistanyň diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerini ýerine ýetirmekden,
halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, döwletimiz
tarapyndan goşunlaryň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan
beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen yzygiderli çäreleriň görüljekdigini
nygtady.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçirilmegi bilen
gutlap, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezen esgerlerdir
serkerdelere möhüm we jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde — mähriban
Watanymyzyň asudalygyny goramakda üstünlikleri arzuw etdi.
Watan goragçylary döwletimiziň
parahatçylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça mukaddes borjy abraý bilen
ýerine ýetirjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.
Harby we hukuk goraýjy
edaralaryň ýolbaşçylary türgenleşige gelendigi üçin ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hoşallyk bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri
arzuw edip, bu ýerden ugrady.