20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisde wise-premýer B.Atdaýew, hasabatynyň çäklerinde,
«Türkmenistanda öndürilen» atly milli haryt nyşanyny döretmek boýunça görülýän
çäreler barada hem aýtdy.
«Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda
Strategiýasyna» laýyklykda milli söwda nyşanly täze harytlary öndürmek hem-de
olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.
Wise-premýer «Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we
maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna»
laýyklykda, «Türkmenistanda öndürilen» atly milli haryt nyşanyny döretmek
boýunça çäreleri amala aşyrmagyň meýilleşdirilendigini hasabat berip, Prezident
Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak boýunça
degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
«Türkmenistanda öndürilen» atly milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri
jemlemek we saýlap almak boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi
makullady.
Döwlet Baştutany «Türkmenistanda öndürilen» atly milli
haryt nyşany taýýarlananda, türkmen halkynyň milli aýratynlyklarynyň, häzirki
zaman marketing usullarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, bu babatda
wise-premýer B.Atdaýewe birnäçe tabşyryklary berdi.