Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş
saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň ugurdaş
ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen, şol
sanda Daşary işler ministrlikleriniň ugry, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk,
bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary boýunça duşuşyklary geçirildi.
Duşuşyklarda
Hytaýyň Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşy bolmak bilen, köpugurly
hyzmatdaşlygy öňe ilerletmek üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmegi, ýokary derejedäki ýakyn gatnaşyklary saklamagy maksat edinýändigi
bellenildi. Olarda syýasy-diplomatik ugur boýunça, şeýle hem söwda-ykdysady
gatnaşyklar ulgamynda giň gerimli meselelere garaldy.
Taraplar
işjeň dialogy ösdürmek hem-de söwda, ulag-kommunikasiýalar, lukmançylyk,
saglygy goraýyş, ylmy-tehniki innowasiýalar, sanly ykdysadyýet we beýleki
ulgamlarda bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin
yzygiderli duşuşyklary ýola goýmagyň zerurdygy baradaky bir pikiri beýan
etdiler.