19-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy.
Ozal habar
berlişi ýaly, 18-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Başlygynyň çakylygy
boýunça “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly ornuny tassyklady.
Şunda energetika, ulag, kommunikasiýalar, ekologiýa, senagata we beýleki
pudaklara “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýetde ýakynlaşmak işini
çuňlaşdyrmak ýaly strategik ugurlara üns çekildi.
Şu gün —
iş saparynyň tamamlaýjy gününde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy
boldy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň Halk
ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň
ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Duşuşygyň
öňüsyrasynda Milli Liderimiz hem-de HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaý Halk
Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Başlyk Si
Szinpin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowa “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna
gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi we Hytaýda mübäreklemäge örän şatdygyny
belläp, taryhyň dowamynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara, köpugurly
mümkinçiliklere eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini
nygtady.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwarynda Hytaý
Halk Respublikasyna bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň
ýolunda täze, möhüm ädim boldy. Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri
boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de resminamalaryň ençemesine gol
çekildi. HHR-iň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza mähirli
salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Başlyk Si
Szinpin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Pekine gelmek
baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip,
Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini,
döredijilikli halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady.
Gahryman
Arkadagymyz Başlyk Si Szinpine HHR-e gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk
bildirip, däp bolan türkmen-hytaý dostlugynyň iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri
dowam edip gelýändigini aýtdy. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny
ysnyşykly baglanyşdyrypdyr. Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden Ýewropa tarap
geçen Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň şerti
bolandygy hemmelere mälimdir.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky meselä ünsi
çekip, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasyny Hytaýyň
“Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň
wajypdygyny belledi. Köp ýyllaryň dowamynda bu başlangyç Ýewraziýa sebitinde
söwda we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etdi.
Şeýlelikde,
Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara
gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar.
Halkymyzyň nesilbaşysy hasaplanýan Oguz handan başlap, türkmen döwletlerinde
daşary ýurtly ilçileri serhetde behişdi bedewlerimiz — ahalteke atlary bilen
garşylamak asylly däp bolupdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow aýtdy. Parfiýalylar Hytaýyň imperatory U Diniň ilçisi Çžan
Sýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti serhetde 20 müň atly bilen garşylapdyr.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, diplomatik sowgatlaryň
arasynda bedewiň iň gymmatly sowgat hasaplanandygyny belledi. Şol döwürlerde
dünýä meşhur bolan we “ganatly bedewler” diýlip atlandyrylan atlar Parfiýa
tarapyndan “Asman şalygy” atlandyrylan Hytaýyň imperatorlaryna sowgat hökmünde
iberilipdir.
Gadymy
türkmenler bolan hunlar Oguz hanyň uly ogly Gün hanyň nesilleridir. Ýewropada
hunlary “kunlar” diýip atlandyrýarlar. Gun we Hun sözleri “Gün” diýmegi
aňladýar. Hunlar demirgazyk-günbatar Hytaýyň giň çöllerinden Sibire çenli ägirt
uly çäkleri eýeläpdir. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň hökümdary Mete
han Hytaý imperatorlary bilen gowy gatnaşykda bolupdyr diýip, Gahryman
Arkadagymyz belledi. Mundan başga-da, VI asyrda ýaşan Göktürkmen döwleti
Hytaýyň halky bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklapdyr. Bilge hanyň
baştutanlygynda Göktürkmen döwleti has-da gülläp ösüpdir. Şonda Hytaýyň ilçisi
Meýluçžou Bilge hana ýakyn we doganlyk gatnaşyklary berkitmegi teklip edipdir.
Tan imperatory Sýuan Szun hem Bilge han bilen şertnama baglaşmak isläpdir.
Taryh
Hytaý bilen goňşuçylykda ýaşan hunlaryň we Han hytaý neberesiniň arasynda söwda
gatnaşyklarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Hunlaryň hökümdary Mete hanyň
hökümdarlyk eden döwründe iki ýurduň arasynda birek-biregiň tejribesini
öwrenmek babatda gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow häzirki türkmenleriň ata-babalary hasaplanýan hunlaryň biziň
eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda Hytaýyň hökümdary bilen “Kasam şertnamasy”
diýlip atlandyrylan şertnama gol çekendikleri baradaky maglumaty anyk mysal
hökmünde getirdi. Bu şertnama iki kuwwatly döwletiň arasyndaky gatnaşyklary
kadalaşdyrypdyr. Bu şertnamada hunlaryň we hytaýlylaryň bir maşgala ýaly bolup
ýaşandyklary bellenilýär. Şertnamada: “Goý, biziň ogullarymyz we agtyklarymyz
nesillerden-nesillere bu şertnama wepaly bolsun!” diýlip nygtalýar.
Halk
Maslahatynyň Başlygy Hytaý we hunlar ozalky şertnamalaryň ýerine ýetirilmegini
üpjün etmek üçin diplomatik hat alyşmalary ýola goýupdyrlar hem-de hytaý
çeşmelerinde Beýik Hun hökümdary Mete hanyň Hytaýyň hökümdary Sýao Wenýuwa
ýazan käbir hatlary saklanyp galypdyr diýip belledi. Halkymyzyň meşhur
“Huýrlukga-Hemra” dessanyndaky Çyn-Maçyn ýurduna giden//Hatarly kerweniň geldi”
diýen setirler hem türkmen we hytaý halklarynyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly
eýýamyndan başlap, gatnaşyklaryň dowam edendiginiň edebi subutnamalarynyň biri
bolup durýar.
Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy
asyrlara uzaýan dostluk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini ýene-de bir gezek
nygtap, Başlyk Si Szinpine duşuşmaga döredilen mümkinçilik we hoşniýetlilik,
myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Halk
Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, HHR-iň Başlygy bilen duşuşyklar
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda hemişe
möhüm ähmiýetli wakalardyr. Şol duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy
barada pikir alyşmaga, aýratyn üns berilmegini talap edýän has möhüm meseleleri
ýüze çykarmaga, zerur bolan halatynda, olara kuwwatly itergi bermäge
mümkinçilik döredýär.
Gahryman
Arkadagymyz soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynda gazanylan özara
ynanyşmagyň, düşünişmegiň, açyklygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen
belledi. Ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli,
netijeli we maksada okgunly ösdürilýär. Biz bu hyzmatdaşlygy ösdürip we
giňeldip, türkmen hem-de hytaý halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryna, olaryň birek-birege çuňňur hormat goýmagyna, iki döwletiň
häzirki halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyna,
hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatyna
daýanýarys diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Hyzmatdaşlygyň şeýle häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Hytaýyň düýpli
bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halkara durnuklylygy, howpsuzlygy saklamaga
hem-de pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar, derwaýys sebit meseleleriniň
ençemesini çözmäge ýardam edýär, Aziýa yklymynda söwda-ykdysady işleri
çaltlandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.
Şunda
türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, şeýle hem
syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam
etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Pursatdan
peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Başlyk Si Szinpine hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we hytaý halkyna parahatçylyk,
rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň
dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we HHR-iň Başlygy ikitaraplaýyn hem-de
köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän, uzak geljegi nazara alyp ýola
goýulýan, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda ilerledilýän
türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady
ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmak babatda
türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Bu komitet netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär.
Ulag-logistika
ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin Türkmenistanyň öňe süren, bu
strategik ulgamda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen
başlangyçlarynyň möhümdigini nygtady. Şunda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek”
hem-de “Bir guşak, bir ýol” strategiýalaryny durmuşa geçirmek, olary
utgaşdyrmak we özara üstüni ýetirmek babatda gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi
bolup durýar. Bu babatda bilelikdäki işiň köpýyllyk uly tejribesi toplandy.
HHR-iň
Başlygy Türkmenistana bolan saparyny hemişe ýakymly duýgular bilen
ýatlaýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzy ýene-de Hytaýa gelmäge çagyrdy.
Gepleşikler
tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň
Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek
dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda
Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlar
maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek
hakynda Ähtnama gol çekildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk ýygnaklar
öýünden Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline bardy. Howa menzilinde Gahryman
Arkadagymyzy HHR-iň tebigy serişdeler ministri Wan Guanhua we beýleki resmi
adamlar ugratdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow
hytaý tarapynyň wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, uçarda Watanymyza ugrady.
Aşgabadyň
Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Bu ýerde
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili türkmen
halkynyň Milli Liderini HHR-e saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.
Bellenilişi ýaly, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bir guşak, bir ýol”
üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagy Türkmenistanyň ählumumy
parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp
taýýarlamaga işjeň we jogapkärli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň taraplaryň hoşmeýilli erkine, deňhukukly
strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan
beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirildi.