Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň
Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik
Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy.
Günortanlyk nahary
wagtyndaky duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler iki döwletiň dünýä gün
tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat
gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsa özara bähbitlere laýyk
gelýän ynanyşmak dialogynyň kemala gelmegine ýardam berýär.
Söwda-ykdysady,
ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk
pudaklary we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şeýle hem taraplar iki
ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeni-ynsanperwer
gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.