Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agrosenagat tehnologiýlary we enjamlary, azyk we gaplaýyş senagaty boýunça türkmen-italýan tehnologiki seminary geçirildi.
Seminara Söwda-senagat palatasynyň başlygy, Italiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Luijio Ferrari, Stambuldaky ITA (agentliginiň) müdiri Rikkardo Landi, şeýle hem, FBR ELPO, RICCIARELLI, RIMA GROUP, RINIERI SRL, VIGNETINOX we ş.m. italýan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Şeýle hem, duşuşyga Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri hem gatnaşdy.
Luigi Ferrari öz çykyşynda belläp geçişi ýaly, bu çäre italýan we türkmen
telekeçileri üçin özara pikir alyşmak, öz işleriniň artykmaçlyklaryny iň ýokary
derejede ulanmak üçin iň amatly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm platforma
bolup durýar.
Şeýle hem, guralan seminarda Italiýanyň hususy pudagynyň wekilleri çykyş
etdiler we türkmen kärdeşlerini öz kompaniýalarynyň işleri bilen tanyşdyrdylar.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Italiýanyň hususy pudaklarynyň
wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.