17-nji
oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji
ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk
Respublikasyna ugrady.
Sapara ugramazdan ozal, Aşgabadyň Halkara howa
menzilinde HHR-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeşligiň
barşynda Gahryman Arkadagymyz iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň
hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi. Häzirki wagtda özara hormat goýmak,
dostluk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanýan
türkmen-hytaý gatnaşyklary giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Biziň
ýurdumyzyň şu gezekki sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda “Bir guşak,
bir ýol” forumynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmekde möhüm ädim hökmünde
garaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar
netijesinde oňyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam
bildirildi.
Dostlukly ýurduň ilçihanasynyň wekili hoşniýetli sözler
üçin hoşallyk bildirip, Pekinde öňde boljak ýokary derejeli foruma hytaý
tarapynyň uly ähmiýet berýändigini belledi hem-de döwletara gatnaşyklaryň ýyl
ýazgysynda täze sahypany açjak duşuşyklaryň üstünlikli we netijeli bolmagyny
arzuw etdi.
Dünýä döwletleriniň arasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen
diplomatik gatnaşyklary ilkinji bolup ýola goýan Hytaý Halk Respublikasy
häzirki wagtda ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şu
döwre çenli iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň köp derejeli guraly işlenip
taýýarlanyldy. Ol döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleri, türkmen we hytaý işewür
toparlarynyň duşuşyklary ýaly dürli ugurlary öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň ýanwar we maý
aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlary däp bolan dostlukly döwletara
gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda,
täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam bermek bilen, ýokarda
aýdylanlaryň aýdyň beýany bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň
ösdürilmegine hem-de kuwwatly itergi berilmegine ägirt uly goşant goşdy. Şunuň
bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik
hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama aýratyn ähmiýete eýedir.
Saýlanyp alnan bu strategik hyzmatdaşlyk ýoly biziň ýurtlarymyzyň we
halklarymyzyň düýpli bähbitlerine laýyk gelmek bilen, ähli ugurlar boýunça
türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň okgunly depginini şertlendirdi.
Türkmenistan HHR bilen diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde
däl-de, iri halkara guramalaryň, “Merkez Aziýa — Hytaý” görnüşindäki sebit
düzüminiň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny taryhy, medeni, ruhy ýörelgeleriň
umumylygy birleşdirýär. Şu ýyllaryň içinde taraplar netijeli hyzmatdaşlygy
üýtgewsiz giňeltmek ugrunda netijeli çäreleri görýärler hem-de Beýik Ýüpek ýoly
eýýamyndan gözbaş alýan dostluk, özara düşünişmek ýörelgelerine berk
ygrarlydygyny tassyklaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň
merkezi “Ženmin Žibao” gazetinde çap edilen “Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly
binýady” atly makalasynda Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň
Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen
dünýägaraýyş we amaly nukdaýnazaryndan ýakyndygy hem-de sazlaşýandygy
nygtalýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda gadymy dünýäniň bu
taryhy söwda ýolunyň asyrlaryň örän baý mirasy aýawly saklanýan Garaşsyz,
Bitarap döwletimiziň mysalynda nähili çuňňur yz galdyrandygyny beýan edýär.
Şunuň bilen birlikde, dünýäniň onlarça ýurduny söwda, maglumat, medeni
gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluna bu kitapda diňe bir türkmen
halkynyň taryhy, ruhy mirasy babatda däl-de, ýurdumyzyň nurana geljeginiň
nyşany hökmünde-de garalýar. Täze görnüşde gaýtadan dikeldilýän bu söwda ýoly
häzirki wagtda halklaryň we ýurtlaryň ýakynlaşmagyna kuwwatly itergi berýär,
syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna,
özara düşünişmäge, hyzmatdaşlyga, döwletleriňdir sebitleriň arasynda ýakyn
gatnaşyklaryň berk binýadynyň emele gelmegine ýardam berýär. Bir söz bilen
aýdylanda, hakyky özara bähbitleriň bolmagy taraplara Ýewraziýa yklymynda
ykdysady ösüşe kuwwatly ýardam berýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik
döredýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň barşynda “Bir guşak,
bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde ýokary
derejedäki birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi hem-de resminamalaryň toplumyna
gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň öňde boljak foruma
gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk
meselelerinde jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Bitarap Türkmenistan sebit we ählumumy giňişlikde oňyn ýagdaýlaryň emele
gelmegine doly ýardam bermäge çalşyp, geljekde-de hyzmatdaşlygyň döwrüň
talabyna laýyk gelýän görnüşlerini kesgitlemäge, bilelikdäki mümkinçilikleri
durmuşa geçirmek hem-de mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin
ylalaşykly çemeleşmeleriň, gurallaryň işlenip taýýarlanylmagyna anyk goşant
goşmagy ugur edinýär.
...Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe sagat uçuşdan
soňra, Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň
Milli Liderini HHR-iň tebigy serişdeler ministri Wan Guanhua we beýleki resmi
adamlar mähirli garşyladylar.
Milli
lybasdaky gyz belent mertebeli myhmana gül dessesini gowşurýar. Gahryman
Arkadagymyz iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip duran
haly düşelen ýoda boýunça özüne garaşýan awtoulaga münüp, howa menzilinden iş
sapary wagtynda özi üçin bellenilen “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasyna tarap
ugraýar.
Günüň
ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň we maşgalasynyň awtoulag kerweni Hytaýyň Halk
ýygnaklar öýüne tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary resmi
garşylamak dabarasy boldy.
Iki
tarapynda foruma gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary hatara düzülen haly
düşelen ýodajykdan wekiliýetleriň ýolbaşçylary “VIP” ýygnanyşyk otagyna —
“Hebeý” zalyna çagyrylýar.
Şeýle hem
bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Hytaý Halk
Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we onuň maşgalasy Pen Liýuan bilen surata
düşmek dabarasy boldy. Soňra “Taýwan” mejlisler zalynda wekiliýetleriň
Baştutanlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji
ýokary derejeli maslahatynyň resmi banneriniň we dünýä ýurtlarynyň Döwlet
baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.
Soňra
foruma gatnaşyjylar “Altyn” zala çagyrylýar. Bu ýerde belent mertebeli
myhmanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hormatyna Hytaý Halk Respublikasynyň
Başlygy Si Szinpiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berilýär. Onuň dowamynda
HHR-iň sungat ussatlary çykyş etdiler.
Dabaraly
kabul edişlik tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri maşgalasy
bilen “Dýaoýuýtaý” kabulhanasyna ugrady.
Şu gün
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilýän «Bir
guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasyna
gatnaşýar.
Bu giň
gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de 30 sany halkara guramalaryndan
wekiller, şol sanda döwlet baştutanlary we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary
gatnaşýarlar.
Maslahatyň
çäginde maýa goýum, sanly ykdysadyýet we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça
hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy we ykdysadyýetiň dürli
pudaklarynda täze şertnamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk ýygnaklar öýünde «Bir guşak, bir ýol» III
ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde geçiriljek Özara baglanyşyk boýunça
ýokary derejeli maslahatda çykyş etmegine garaşylýar.
2013-nji ýylda
Si Szinpin tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasy dünýä
bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy. Bu başlangyjyň maksady has köp
sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda hem-de gyzyklanma bildirýän döwletleriň
serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny
işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu başlangyja eýýäm 150-den gowrak ýurt we 30-dan
gowrak halkara guramalary goşuldy.