16-njy oktýabrda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistana iş sapary bilen gelen
“Euronews” Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen gepleşikler
geçirildi.
Duşuşykda Daşary işler
ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça
wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože soňky on ýylyň dowamynda ýola goýlan
netijeli hyzmatdaşlygy we onuň çäginde Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary
şöhlelendirmek üçin durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar babatynda bellediler.
Şeýle hem halkara maglumat giňişliginde uzak möhletli
hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalar beýan edildi. Şol bir wagtyň özünde
Ýewropa teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki çäreleri güýçlendirmäge we özara
gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň netijesinde
gol çekilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk
agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen "Euronews"
kompaniýasynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygynyň durmuşa
geçirilmeginiň bentleri bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.