11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Seulda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 14-nji mejlisine gatnaşdy.


Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa 
— Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň hem-de onuň çäklerinde boljak çäreleriň guramaçylyk, şeýle hem Forumyň gün tertibinden gelip çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi