Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji oktýabrda Bişkekde geçirilen GDA
döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde eden çykyşynda GDA üçin ykdysadyýetde
hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrudygyny
aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly,
2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga
gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama gol
çekildi. Soňra ol kabul edilen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň
Strategiýasynyň esasyny düzdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna
görä, strategiýada söwda, senagat kooperasiýasy, ulag, energetika, maýa
goýumlar ulgamlarynda we beýleki ileri tutulýan pudaklarda ysnyşykly
gatnaşyklar göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň
giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgeleri
ösdürmekde energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak
boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna
ynanýandygyny belledi.
«Şunuň bilen baglylykda, biz Hazar deňzi
— Gara deňiz we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem
Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistik mümkinçilikleri artdyrmaga
uly ähmiýet berýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.