11-nji oktýbarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysyny gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu gezekki saparyň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň, duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz jenap Hakan Fidany we doganlyk türk halkyny ýakynda belleniljek şanly sene — Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy bilen gutlady.

Daşary işler ministri gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, hormat goýmak hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine Türkiýäniň aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň doganlyk döwletidir, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bolsa strategik häsiýete eýedir. Köpasyrlyk türkmen-türk gatnaşyklary baý tejribä esaslanyp, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesi munuň aýdyň güwäsidir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hem özara bähbitlilik esasynda üstünlikli ösdürilýär we pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz, hususan-da, BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, tekliplerini goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlary, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän yzygiderli geňeşmelerdir duşuşyklar möhüm şert bolup çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz ýakynda Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi. Biziň döwletlerimiz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

***

11-nji oktýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşyk geçirildi. Onda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna» gol çekildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi