Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda
giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe
gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy
maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk
ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam
berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim
ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de
Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň
açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň
we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly
işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Halkara serginiň açylyş dabarasy döredijilik
toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Olar ata Watanymyza bagyşlanan aýdymdyr tanslary uly
joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen
diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ilatynyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy
biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksadydyr. Raýatlarymyzyň saglygyny
berkitmek, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak,
elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça zerur
şertler döredildi. Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen
hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, häzirki zaman
lukmançylygynda gazanylýan tejribeler işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm
şerti hökmünde milli bilim ulgamyny hem dünýä ülňülerine laýyk yzygiderli
kämilleşdirýäris. Bilim işgärleriniň has netijeli işlemegine, ýaşlara dünýä
derejesinde bilim-terbiýe berilmegine giň ýol açmak maksady bilen, ylmyň iň
soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna giňden
ornaşdyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz Gutlagynda bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetiň sagdynlygyny
üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýçdügini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda
toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň
Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde dünýädäki
abraýy has-da pugtalandyrylýar.
Her ýyl
geçirilýän bu foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Ol innowasion
tehnologiýalara we giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanyp, täze pikirleri,
çemeleşmeleri teklip edýär. Sergä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan lukmançylygyň
dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşýarlar. Şolaryň arasynda derman
serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, dürli
lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän, tebigy kosmetiki önümleriň giň
görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den
gowragy, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan,
Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan,
Awstriýadan, Polşadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan
kompaniýalar gatnaşýarlar. Lukmançylyk gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň
hatarynda türkmen lukmanlarynyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan «Seda
Medical», «Philips», «Vichy», «Horiba», «Olympus», «B.Braun», «Sandoz»,
«Roche», «Zimmer», «Bionoricа», «Siemens», «Askin and Co», «Medtronic», «Getinge»,
«Alves», «Orica» we başga-da köp sanly kompaniýalar bar.
Däp bolşy
ýaly, sergi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň pawilýony bilen
açylýar. Onda ýurdumyzyň birnäçe ýokanç keselleri aradan aýyrmakda bitiren
hyzmatlarynyň ykrar edilýändigini tassyklaýan halkara güwänamalaryň nusgalary
ýerleşdirilipdir. Mälim bolşy ýaly, türkmen lukmanlarynyň bu ugurdaky
tejribesini BSGG-niň Ýewropa sebitiniň döwletlerinde ýaýratmak maslahat
berildi.
Ýurdumyzda
saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça
kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga
döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş
merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän
kärhanalar guruldy. Şu ýylyň dowamynda Arkadag şäherinde Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş
müdirligi we onuň düzüminde köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we
çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we saglygy
goraýşyň awtoulaglar kärhanasy ulanmaga berildi.
Serginiň
çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk
ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň
dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyşy
boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň
öňüsyrasynda çapdan çykdy.
Türkmen
topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu
özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip,
millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda
lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi.
Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz milli
lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini,
dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Bu
düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň,
ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň
dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň
mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Kitap okyjylara adamzadyň gazanan
üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan
türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik
berýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň “tebigy dermanhana” yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň
görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň
gowy tejribesi esasynda döredilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly
kitabynyň nobatdaky jildi ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly
gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň
hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
...Bu sergi
önümleri ilerletmek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek, ýurdumyzyň dürli
sebitlerinden we daşary ýurtlardan hünärmenler bilen duşuşmak üçin uly
mümkinçilikleri döredýär. Şoňa görä-de, oňa ýurdumyzyň hususy kärhanalary —
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary giňden gatnaşýarlar. Şolaryň
hatarynda «Ýowşan», «Ak Hümmet», «Tebip», «Derman», «Yşgyn», «Boý Bodron»,
«Sag-aman» hususy kärhanalary, «Saglyk», «Diş lukmany» hojalyk jemgyýetleri we
beýlekiler bar.
«Baýramaly»,
«Berzeňňi», «Bagabat», «Arçman», «Ýyly suw», «Farap», «Mollagara», «Daşoguz»
şypahanalarynyň we saglygy dikeldiş merkezleriniň diwarlyklary serginiň aýratyn
bölümini düzýär. Häzirki günde olaryň her biri saglygy dikeltmek üçin döwrebap
merkez bolup, enjamlaşdyrylyşy, hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä ölçeglerine
laýyk gelýär. Okgunly ösýän we Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda
ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy giň halkara hyzmatdaşlyk üçin
gyzyklanma bildirýän taraplara çäksiz mümkinçilikleri açýar. Bejergi we saglygy
dikeltmegi guramak nukdaýnazaryndan, türkmen şypahanalary lukmançylyk
hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň bejergi serişdeleriniň eksport gymmatyny
ýokarlandyrmak bilen, häzirki günde dünýä derejesine çykýar.
“Türkmendermansenagat”
birleşiginiň kärhanalary ýerli dermanlyk ösümlik çig mallary esasynda derman
serişdelerini öndürmek ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýär. Döwlet
maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerli çig
mallardan bejeriş serişdelerini öndürmek boýunça täze kärhanalar açyldy.
Şolaryň hatarynda Jebeldäki bejergi palçygyny we deňiz duzuny gaplamak boýunça
zawody, Bereketdäki ýod öndürýän kärhanany, Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan
sargy serişdelerini öndürýän kärhanany, bejeriş häsiýetli mineral suwy öndürýän
“Berzeňňi” kärhanasyny görkezmek bolar. “Lukmançylyk enjamlary” önümçilik
birleşiginiň kislorod zawody ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryny polat
gaplardaky lukmançylyk kislorody bilen üpjün edýär. Aşgabatda, Balkanabatda,
Daşoguzda, Maryda we Tejende ýerleşýän natriý gipohloridini öndürmek boýunça
önümhanalar ýurdumyzyň zyýansyzlandyryjy serişdelere bolan gündelik zerurlygyny
doly kanagatlandyrýar. “Buýan” agrosenagat toplumynyň önümleri-de
ildeşlerimiziň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Bilim
ministrligi hem şu gezekki gözden geçirilişde gazanan üstünliklerini görkezýär.
Bu ýerdäki diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň
yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrýar. Ol innowasiýalaryň, täze bilimleriň,
ylymlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm
hereketlendiriji güýjüdir.
Bedenterbiýe
we sport baradaky döwlet komitetiniň sergi meýdançasynyň merkezinde
ýerleşdirilen monitorda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
halkymyzyň saglygyny berkitmek, ildeşlerimizi bedenterbiýe we sport bilen
meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan köpugurly işler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.
Serginiň
çäklerinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli
döwlet Baştutanymyzyň adyndan paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň
lukmançylyk edaralaryna “Toyota Camry” awtoulaglarynyň 60-dan gowragy sowgat
berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda hem-de tabşyrygy
boýunça Söwda-senagat edarasynda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda
tapawutlanan işgärleri, saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat
işleriniň ösüşine, meýletinçilik hereketine, howandarlyga mätäç çagalara
saglygy goraýyş kömegini bermekde, keselleriň öňüni almak, anyklamak we
bejermek işine netijeli usullary ornaşdyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işine
uly goşant goşan, köpýyllyk halal we ýadawsyz zähmeti bilen ilatyň saglygyny
goramakda ýokary hünär ussatlygyna eýe bolan raýatlary Türkmenistanyň “Arkadag”
medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýle-de “Arkadag” medalyna mynasyp
bolanlaryň ählisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dabaraly ýagdaýda ýörite
sowgat gowşuryldy. Onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany
ýerleşdirilipdir.
Günüň
ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda “Saglygy goraýyş,
bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ylmy
maslahatyň açylyşy boldy. Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda
sanly ulgam arkaly geçirilen ýaş alymlaryň «Ýokary tehnologiýalar we innowasion
işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige
Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gruziýadan, Hytaýdan, Malaýziýadan,
Özbegistandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden we Wýetnamdan ýaş
alymlardyr hünärmenler möhüm ugurlar boýunça özleriniň ylmy işlerini,
taslamalaryny hödürlediler.
Utgaşykly
görnüşde geçirilen ylmy maslahata daşary ýurtlaryň birnäçesiniň görnükli
alym-professorlary, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport
ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlar türkmen kärdeşlerini hünär
baýramy bilen gutlap, Garaşsyz Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş
Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynda gazanan
üstünliklerine, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna
ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda halkara
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy
tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmelere üns çekildi.
Çykyşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek,
ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny kämilleşdirmek, maşgala
lukmançylygy institutyny ösdürmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk
hyzmatlarynyň hilini we görnüşlerini artdyrmak, bejeriş, şypahana edaralarynyň
işini has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki
üpjünçiligini pugtalandyrmak, lukmançylyk ylmy bilen tejribäniň özara
baglanyşygyny berkitmek, lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, saglygy
goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek meseleleriniň
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň
esasy wezipeleriniň hataryndadygy nygtaldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly,
Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklaryň
ýola goýulmagy we tejribe alşylmagy adamlaryň saglygyny goramakdaky ählumumy
wezipeleriň çözgüdine goşulýan umumy goşantdyr. Bu babatda bilelikdäki
taslamalary, maksatnamalary amala aşyrmak, iň täze tehnologiýalarydyr
enjamlary, dürli keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejermekde öňdebaryjy
usullary ornaşdyrmak köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
bolmagynda galýar.
Giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde tutuş ýurdumyz
boýunça köp sanly sport desgalary — stadionlar, atçylyk sport toplumlary,
awtodromlar, tennis meýdançalary, suwda ýüzmek üçin howuzlar, döwrebap sport
toplumlary guruldy we gurulmagy dowam edýär. Olarda bedenterbiýe, sport bilen netijeli meşgullanmak
üçin ähli şertler döredilýär. Bularyň ählisi bilimli, giň gözýetimli,
ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly
nesli terbiýelemekde uly üstünlikleri gazanmaga ýardam berýär.
Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan
goldaw berilmeginiň netijesinde Watanymyzyň sport abraýyny pugtalandyrmaga
mynasyp goşant goşýan zehinli ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty esasynda häzirki
günde Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edildi.