Häzirki wagtda Awstriýada saparda bolýan tematiki türkmen işewür wekiliýeti ýurduň Federal zähmet we ykdysadyýet ministrliginde, şeýle hem ýurduň Ykdysady palatasynda kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýa Respublikadaky diplomatik wekilhanasy tarapyndan habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen telekeçileri we hökümet işgärleri Wena saparynyň dowamynda Awstriýa tarapy bilen gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrendi.

Ýöriteleşdirilen tegelek stollaryň dowamynda taraplar gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrmagyň geljegi barada maglumat alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar, hususan-da, döwrebap Arkadag şäheri barada aýratyn belläp geçdiler.

Awstriýa tarapynyň Türkmenistandaky şäher gurluşyk taslamalaryna we täze şäheriň gurulmagy bilen açyljak mümkinçiliklere aýratyn gyzyklanma bildirendigi bellendi.

Duşuşykda Türkmen-Awstriýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy